Daniýanyň paýtagty Kopengagen howanyň arassalanmagyna öz mynasyp goşandyny goşýar. 2025-nji ýyla çenli bu şäher hapa gazlaryň howa goýberilmegini iň az derejä ýetirip, bu ugurda dünýäde öňdebaryjy paýtagtlaryň birine öwrülmek isleýär. Munuň üçin köp sanly agaç nahallary oturdyldy we welosiped ýodajyklarynyň uzynlygy 379 kilometre ýetirildi.
– Biziň maksadymyz Kopengagen şäherinde gündelik mekdebe hem-de işe gitmek üçin amala aşyrylýan gatnawlaryň 50 göteriminiň welosiped arkaly durmuşa geçirilmegini gazanmakdan ybarat. Häzirki wagtda bu görkeziji 43 göterime deňdir – diýip, şäher boýunça bilermen Mari Kastrup gürrüň berýär. Şeýle hem häzirki wagtda awtomobil gatnawlarynyň paýy 31 göterime deň bolsa, 2025-nji ýylda bu görkezijini 25 göterime çenli azaltmak maksat edinilýär.
Daşky gurşawy iň köp hapalaýan awtoulaglardyr. Şonuň üçin bu ugurda hem tagalla edilýär. Ekologiýa taýdan arassa ýangyç hem-de elektrik togy bilen işleýän awtoulaglaryň ulanylmagyny gazanmak meýilleşdirilýär. Kopengagende köp sanly awtoulag hereketlendirijisine zarýad berýän duralgalar guruldy. Ýyllaryň geçmegi bilen Daniýanyň paýtagtynyň ýaşaýjylary awtoulagdan düşüp, welosipede münmäge başladylar.
Baýrammuhammet HANGULYÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.