2017-2018-nji fut­bol möw­sü­mi bo­ýun­ça Ýew­ro­pa­da iň gir­de­ji­li fut­bol meý­dan­ça­sy hök­mün­de “Kamp Nou” sta­dio­ny saý­lan­dy. Is­pa­ni­ýa­nyň “Bar­se­lo­na” to­pa­ry­nyň sta­dio­ny­nyň ge­çen möw­süm­dä­ki gir­de­ji­si 144,8 mil­li­on ýew­ro ba­ra­bar bol­dy. Bu ugur­da ikin­ji or­ny ýe­ne-de bir is­pan to­pa­ry­nyň sta­dio­ny eýe­le­di. “Re­al Mad­rid” to­pa­ry­nyň “Sant­ýa­go Ber­na­beu” sta­dio­ny ge­çen möw­sü­miň do­wa­myn­da to­pa­ra 143,4 mil­li­on ýew­ro gir­de­ji ge­tir­di. Ang­li­ýa­nyň “Man­çes­ter Ýu­naý­ted” to­pa­ry­nyň fut­bol du­şu­şyk­la­ry­ny ge­çir­ýän “Old Traf­ford” sta­dio­ny gir­de­ji­lili­gi bo­ýun­ça üçün­ji or­ny eýe­läp, onuň gör­ke­zi­ji­si 119,5 mil­li­on ýew­ro deň­dir.
Şeý­le hem il­kin­ji on­lu­ga “Emi­ra­tes” (“Ar­se­nal” to­pa­ry, Ang­li­ýa, 111,6 mln ýew­ro), “Al­ýans Are­na” (“Ba­wa­ri­ýa” to­pa­ry, Ger­ma­ni­ýa, 103,8 mln ýew­ro), “Park de Prens” (PSŽ to­pa­ry, Fran­si­ýa, 100,6 mln ýew­ro), “En­fild” (“Li­wer­pul” to­pa­ry, Ang­li­ýa, 91 mln ýew­ro), “Uemb­li” (“Tot­ten­ham”to­pa­ry, Ang­li­ýa, 85,2 mln ýew­ro), “Stem­ford Brij” (“Çel­si” to­pa­ry, Ang­li­ýa, 83,4 mln ýew­ro) we “Eti­had” (“Man­çes­ter Si­ti” to­pa­ry, Ang­li­ýa, 63,9 mln ýew­ro) ýa­ly sta­di­on­lar gir­di.
Sa­naw­da il­kin­ji orun­la­ry Is­pa­ni­ýa­nyň to­par­la­ry­nyň eýe­le­me­gi tö­tän­den däl­dir. Se­bä­bi is­pan fut­bo­ly ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Ýur­duň fut­bol ug­ry yk­dy­sa­dy müm­kin­çi­lik­li pu­da­ga öw­rü­lip, je­mi içer­ki önü­miň 1,37 gö­te­ri­mi­ne deň bo­lup, yk­dy­sa­dy möç­be­ri 15 mil­liard 688 mil­li­on dol­la­ra, bir möw­süm­dä­ki gir­de­ji­si 4 mil­liard ýew­ro deň­dir.
“Price Wa­ter­hou­se Coo­pers” kom­pa­ni­ýa­sy ýo­ka­ry ne­ti­je­li fut­bo­lyň ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne, ma­li­ýe we dur­muş ýag­da­ýyn­a tä­si­ri ba­ra­da ha­sa­bat taý­ýar­la­dy. Şo­ňa la­ýyk­lyk­da, “La Li­ga” diý­lip at­lan­dy­ry­lan is­pan fut­bol çem­pio­na­ty­nyň gir­de­ji­si soň­ky 4 ýyl­da 2 es­se ýo­kar­lan­dy.
Fut­bol bi­len bag­la­ny­şyk­lylykda myh­man­ha­na işe­wür­li­gi, jem­gy­ýet­çi­lik iý­miti, ulag, met­bu­gat, te­le­wi­de­ni­ýe ýa­ly pu­dak­lar hem ägirt uly gir­de­ji ga­zanyp, bu pu­dak­la­ra 1 mil­liard 72 mil­li­on gir­de­ji hem-de 16 müň­den gow­rak tä­ze iş or­unlaryny dö­ret­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­di.
Fut­bo­lyň met­bu­ga­ta go­şan­dy hem ulu­dyr. Ha­sa­bat­lar­dan gör­nü­şi ýa­ly, fut­bo­lyň met­bu­ga­ta ge­tir­ýän gir­de­ji­si 55,5 mil­li­on ýew­ro, te­le­wi­de­ni­ýä 109 mil­li­on ýew­ro, ra­dio bol­sa, 82 mil­li­on ýew­ro­dyr. Fut­bol köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­ne umu­my­lyk­da 516 mil­li­on ýew­ro gir­de­ji ga­zan­dy­ryp, goş­ma­ça 2900 iş or­nuny dö­ret­mä­ge ýar­dam et­di.

Se­ýit­mäm­met SE­ÝIT­MÄM­ME­DOW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.