Öňümizdäki 4 ýylyň dowamynda Aziýa milliarderleriň sany boýunça tutuş dünýäde öňdeligi eýelär. “Bloomberg” habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu sebitde milliarderleriň sanynda iň ýokary ösüş gazanylyp, 2018-2023-nji ýylda bu ösüşiň görkezijisi 27 göterime deň bolar we olaryň sany 1003-e ýeter. Tutuş dünýädäki 2696 milliarderiň takmynan üçden bir bölegi Aziýa yklymyna degişli bolar.
Demirgazyk Amerikada we Ýewropada milliarderleriň sanynyň ösüş depgini degişlilikde 17 göterime we 18 göterime barabar bolar. Aziýa yklymyndaky ösüşde Hindistanyň, Hytaýyň hem-de Filippinleriň paýy uly bolar. “Oxfam” guramasynyň taýýarlan maglumatlaryna görä, 2018-nji ýylda milliarderleriň emlägi her gün 2,5 milliard dollar möçberinde ýokarlandy, tutuş ýylyň dowamynda onuň ösüş depgini 12 göterime deň boldy. Şeýle ýagdaýda dünýäde garyplaryň sany 11 göterim azaldy.
Ogulgerek ALLAŞOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.