“Re­al Mad­rid” to­pa­ry 9 ýyl­dan soň, çär­ýek fi­na­la çy­kyp bil­me­di. Soň­ky 8 möw­süm­de 4 çem­pi­on­lyk ga­za­nyp, 4 sa­par hem ýa­rym fi­nal­dan gaý­dan “Re­al Mad­rid” iň soň­ky sa­par 2009/10 möw­sü­min­de 1/8 tap­gyr­da “Li­on­dan” as­gyn ge­lip­di.
Möw­sü­me şow­suz baş­lan “Re­al Mad­rid” soň­ky 1 hep­dä­niň do­wa­myn­da 3 ýa­ryş­da-da çem­pi­on­ly­gyň da­şyn­da gal­dy. Il­ki ku­bok ýa­ry­şyn­da “Bar­se­lo­na­dan” utu­lan “Re­al”, “La Li­ga­da” hem ka­ta­lon­lar­dan as­gyn ge­lip, çem­pi­on­lyk ýa­ry­şyn­dan ep-es­li daş­laş­dy­. Edil şu­nuň ýa­ly wa­ka 2006-njy ýyl­da-da bo­lup­dy we şonda to­pa­ryň pre­zi­den­ti Flo­ren­ti­na Pe­rez we­zi­pe­si­ni taş­lap­dy. Ol 2009-njy ýyl­da Ro­nal­do, Ka­ka ýa­ly oýun­çy­la­ry trans­fer edip, we­zi­pä tä­ze­den do­la­nyp­dy.
“Re­al Mad­rid” to­pa­ry şu möw­süm­de öz meý­dan­ça­syn­da yz­ly-yzy­na 4-nji ge­zek ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy (“Ži­ro­na”, “Bar­se­lo­na”, “Bar­se­lo­na” we “Aýaks”). “Re­al” iň soň­ky sa­par 2004-nji ýyl­da şeý­le şow­suz­lyga uçrapdy. Şol ýyl to­par Karluş Keý­ro­şyň tä­lim­çi­li­gin­de “Osa­su­na­dan”, “Bar­se­lo­nadan”, “Mal­ýor­kadan” we “Re­al So­sie­dad­dan” as­gyn ge­lip­di.
“Re­al Mad­rid” to­pa­ry 68 ýyl­dan soň, (1950/51 möw­sü­mi) öz meý­dan­ça­syn­da 6 du­şu­şyk­da uly ha­sap­lar bi­len (azyn­dan 3 gol ge­çir­dip) ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy. To­par şu möw­süm­de SSKA-dan, “Ei­bar­dan”, “Se­wil­ýa­dan”, “Bar­se­lo­na­dan” 3–0, ýe­ne-de “Bar­se­lo­na­dan” 5–1 hem-de “Aýaks­dan” 4–1 ha­sap­la­ry bi­len utul­dy.
“Re­al Mad­rid” to­pa­ry Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň çäk­le­rin­de il­kin­ji ýo­la yz­ly-yzy­na 2 du­şu­şyk­da öz meý­dan­ça­syn­da ýe­ňil­di (SSKA-dan 3–0, “Aýaksdan” 4–1).
“Re­al Mad­rid” Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da 3-nji ge­zek öz meý­dan­ça­syn­da 4 gol ge­çird­ýär. Mad­rid­li­ler mun­dan öň “Ba­wa­ri­ýa­dan” 4–2 (2000-nji ýyl­da), “Şal­ke­den” 4–3 (2015-nji ýyl­da) ýeň­lip­di.
“Re­al Mad­rid” to­pa­ry Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da utu­lan soň­ky du­şu­şy­gyn­da hem ka­pi­ta­ny Ser­hio Ra­mos­syz oý­na­dy. Olar Ra­mos­syz ge­çen möw­süm­de “Ýu­wen­tus­dan” 3–1, bu möw­süm­de-de SSKA-dan 1-0 we 3–0 ha­sap­lar bi­len utul­dy. Ams­ter­dam­da­ky oýun­da bil­geş­le­ýin sa­ry kart alyp, jo­gap oý­ny üçin je­ri­me alan Ra­mos çär­ýek fi­na­la çen­li je­ri­me­le­ri­ni aýyr­mak is­läp­di.
“Aýaks” 13 ýyl­dan soň (2005/06 möw­sü­mi) çär­ýek fi­na­la ýol­lan­ma al­dy. Olar 2-nji ge­zek öz meý­dan­ça­la­ryn­da utu­lyp, jo­gap oý­nun­da-da ýe­ňiş ga­za­nyp, ýa­ry­şy do­wam et­dir­mä­ge hu­kuk ga­zan­dy­lar. Ams­ter­dam­ly­lar 1995/96 möw­sü­min­de “Pa­na­ti­nai­kos­dan” il­ki 1–0 utu­lyp, soň­ra ola­ry myh­man­çy­lyk­da 3–0 ýe­ňip­di. Umu­man şeý­le wa­ka Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň ta­ry­hyn­da 4-nji ge­zek gaýtalanýar (“Man. Ýu­naý­ted”–PSŽ du­şu­şy­gy­ny-da ha­sa­ba alanyň­da).
“Aýaks” to­pa­ry “Ýu­wen­tus­dan” soň (1962-nji ýyl­da 1–0, 2008-nji ýyl­da 2–0, 2018-nji ýyl­da 3–1), “Re­al Mad­ri­di” “San­tia­go Ber­na­beu” sta­dio­nyn­da Ýew­ro­ku­bok­lar­da 3 ge­zek ýe­ňen 2-nji to­par­dyr. Gol­land to­pa­ry mun­dan ozal hem 1973-nji ýyl­da 1–0, 1995-nji ýyl­da 2–0 utup­dy.