Her ýyl ge­çi­ril­ýän 6 uly ma­ra­fo­nyň il­kin­ji­si bo­lan To­kio ma­ra­fo­nyn­da (Ýa­po­ni­ýa) efio­pi­ýa­ly tür­gen­ler ýe­ňiş ga­zan­dy­lar. Er­kek­le­riň ara­syn­da Bir­ha­nu Le­gen­za 2 sa­gat 04 mi­nut 40 se­kunt­da pel­le­ha­na­dan ge­çip, 1-nji ýe­ri eýe­le­di. Bu onuň uly ma­ra­fon­lar­da­ky il­kin­ji ýeň­şi bo­lup, ol mun­dan ozal 2016-njy ýyl­da Ras-Al-Haý­ma ýa­rym ma­ra­fo­nyn­da ýe­ňiş ga­za­nyp­dy. 2–3-nji ýer­le­ri ke­ni­ýa­ly tür­gen­ler Be­dan Ka­ro­ki (2:06:48) we Dik­son Çum­ba (2:08:44) eýe­le­di­ler. Ze­nan­la­ryň ara­syn­da bel­le­nen ara­ly­gy 2 sa­gat 20 mi­nut 40 se­kunt­da geç­me­gi ba­şa­ran 2016-njy ýyl­dan bä­ri 2–3-nji ýer­le­ri eýe­läp gel­ýän Ru­ti Aga il­kin­ji ge­zek 1-nji or­na my­na­syp bol­dy. Aga­dan 21 se­kunt yza ga­lan wa­tan­da­şy He­len To­la 2-nji, ýe­ne bir efio­pi­ýa­ly Şu­re De­mi­se 25 se­kunt az gör­ke­zi­ji bi­len ýa­ry­şy 3-nji ha­tar­da ta­mam­la­dy.