Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň wekiliýeti Pakistan Yslam Respublikasynda hem-de Gazagystan Respublikasynda iş saparynda boldular. Türkmen wekiliýetleriniň bu sapary dostlukly ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga itergi berdi.

Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­do­wyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky we­kil­iýet Pa­kis­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­syn­da sa­pa­rda bol­dy. Türk­men we­ki­li­ýe­ti Pa­kis­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Arif Al­wi ta­ra­pyn­dan ka­bul edil­di. Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da iki ýur­duň ara­syn­da­ky sy­ýa­sy-dip­lo­ma­ti­k, söw­da-yk­dy­sa­dy we me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­lar­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň ýo­ka­ry de­re­je­si bel­le­ni­lip ge­çil­di. Pa­kis­ta­nyň Pre­zi­den­ti hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän pa­ra­hat­sö­ýü­ji­lik­li da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ru­nyň äh­mi­ýe­ti­ni aý­ra­tyn bel­läp geç­di. Türk­men-pa­kis­tan yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy­nyň gi­ňel­dil­me­gi­ne aý­ra­tyn üns be­ril­di.
Türk­me­nis­tan-Ow­ga­nys­tan-Pa­kis­tan-Hin­dis­tan (TOPH) gaz­ge­çi­ri­ji­si­niň, Türk­me­nis­tan-Ow­ga­nys­tan-Pa­kis­tan ug­ry bo­ýun­ça elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň ge­çi­ri­ji­si­niň we op­ti­ki-sü­ýüm­li ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň gur­lu­şy­gy ýa­ly tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi, tä­ze ulag ge­çel­ge­le­ri­niň dö­re­dil­me­gi iki ýur­duň se­bit­le­ýin we hal­ka­ra yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len bi­le­lik­dä­ki ne­ti­je­li iş­le­ri­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy bo­lup dur­ýan­dyr. Şeý­le hem ylym we bi­lim ul­ga­myn­da iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk hem ös­dür­me­giň ze­rur­dy­gy nyg­ta­lyp ge­çil­di.
Pa­kis­ta­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Im­ran Han bi­len bo­lan du­şu­şy­gyň bar­şyn­da türk­men-pa­kis­tan hyz­mat­daş­ly­gy­nyň hä­zir­ki ýag­da­ýy we gel­je­gi ba­ra­da ne­ti­je­li pi­kir alyş­ma­lar ge­çi­ril­di. Söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry hök­mün­de gaz we ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa pu­dak­la­ry ag­zal­dy. Mun­dan baş­ga-da, Pa­kis­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de iki ýur­duň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­la­ry­nyň ara­syn­da sy­ýa­sy ge­ňeş­me­ler ge­çi­ril­di. Ta­rap­lar kö­pu­gur­ly türk­men-pa­kis­tan gat­na­şyk­la­ry­nyň mun­dan beý­läk hem ber­ki­dil­me­gi bi­len bag­ly bo­lan me­se­le­le­riň giň top­lu­my bo­ýun­ça jik­me-jik pi­kir alyş­dy­lar.Sa­pa­ryň jem­le­ri bo­ýun­ça bir­nä­çe res­mi­na­ma­la­ra gol çe­kil­di. Ola­ryň ha­ta­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň we Pa­kis­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da 2019-2020-nji ýyl­lar üçin hyz­mat­daş­lyk et­me­giň mak­sat­na­ma­sy­na, Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň we Pa­kis­ta­nyň Söw­da-se­na­gat Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ara­syn­da Bi­le­lik­dä­ki işe­wür­lik to­pa­ry­nyň dö­re­dil­me­gi bo­ýun­ça öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da­ky Äht­na­ma, Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň we Pa­kis­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Da­şa­ry ara­gat­na­şyk­lar Aka­de­mi­ýa­sy­nyň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da­ky Äht­na­ma hem-de “Türk­me­nis­tan-Ow­ga­nys­tan-Pa­kis­tan-Hin­dis­tan” gaz ­ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy­nyň tas­la­ma­sy­na ba­gyş­la­nan yla­la­şy­ga gol çe­kil­di.
Şeý­le hem şu hep­dä­niň dowamynda Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Ça­ky­ýe­wiň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky we­ki­li­ýet Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­syn­da iş sa­pa­ryn­da bol­dy. Dost­luk­ly ýur­duň paý­tag­ty As­ta­nada Yk­dy­sa­dy, yl­my-teh­ni­ki hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça türk­men-ga­zak hö­kü­me­ta­ra to­pa­ry­nyň no­bat­da­ky 10-njy mej­li­si ge­çi­ril­di. Mej­li­se iki ýur­duň mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak­la­ýyn eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry hem-de öň­de­ba­ry­jy hü­när­men­le­ri gat­naş­dy­lar. Mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne döw­le­ta­ra yla­la­şyk­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge de­giş­li me­se­le­le­riň giň toplumy, şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň we Ga­za­gys­ta­nyň ara­syn­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­giň öň­de­ba­ry­jy ugur­la­ry­ny gur­şap al­ýan me­se­le­ler gi­ri­zil­di. Hu­su­san hem, söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry çuň­laş­dyr­mak, eks­port we üs­ta­şyr iş­le­ri­ni kö­pelt­mek, üp­jün edil­ýän ha­ryt­la­ryň we ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän hyz­mat­la­ryň sa­na­wy­ny hem-de göw­rü­mi­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça yla­la­şy­lan çä­re­le­riň gö­rül­me­gi­niň ze­rur­ly­gy bel­le­nil­di. Yk­dy­sa­dy, yl­my-teh­ni­ki we me­de­ni hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça türk­men-ga­zak hö­kü­me­ta­ra to­pa­ry­nyň no­bat­da­ky mej­li­si­niň jem­le­ri bo­ýun­ça Tes­wir­na­ma gol çe­kil­di.