Hindistanyň paýtagty Nýu-Delide 7-10-njy mart aralygynda Aziýa-Ýuwaş Umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) II Halkara tans festiwaly geçirildi. Onda Türkmenistanyň kenarýaka sebitiniň meşhur “Dehistan” folklor-etnografiýa topary üstünlikli çykyş etdi. “Türkmennebit” döwlet konserniniň Nebitçiler medeniýet köşgüniň topary dünýäniň köp ýurtlarynda milli sungatymyzyň özboluşly öwüşginlerini beýan edýän çykyşlary görkezdi hem-de tomaşaçylaryň uly gyzyklanmasyna eýe boldy. Festiwalyň geçirilýän ýurdundan başga-da, oňa gatnaşyjy ýurtlarda bu köpöwüşginli çykyşlary teleradioýaýlymlarda görkezmegi guran ABU-nyň howandarlygy astynda bu tans baýramçylygyna Owganystandan, Bangladeşden, Butandan, Indoneziýadan, Malaýziýadan, Maldiw adalaryndan, Özbegistandan, Fijiden we beýleki ýurtlardan döredijilik toparlary gatnaşdylar. Aziýa we Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň halklarynyň lybaslary, özboluşly aýdym-sazlary bu sungat baýramynyň köpöwüşginli görnüşlerini emele getirdi.
Folklor toparymyz küştdepdi halk tansy, onuň ruhlandyryjy äheňi hem-de halk äheňleri bilen sazlaşýan adatdan daşary çeýe hereketleri bilen tomaşaçylaryň söýgüsini gazandylar. Aýdym aýtmagyň milli ýörelgeleriniň hem-de küştdepdi tansynyň, onuň gadymy çeşmeleriniň gaýtalanmajak täsinligi netijesinde, bu tans 2017-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Küştdepdi tansyny bütin dünýäde wagyz etmek başlangyjy bilen hormatly Prezidentimiz çykyş etdi, sebäbi bu tans türkmen halkynyň döredijilik mirasynyň, taryhy-medeni däp-dessurlarynyň aýdyň nusgasy bolup durýar.
Gurbanmyrat DÖWLETOW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.