Hytaý ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek babatda gazanýan üstünlikleri bilen haýran galdyrýar we emeli döredilen tokaý zolaklarynyň meýdany babatda birnäçe ýyldan bäri öňdeligi eýeleýär. “Sinhua” habarlar agentliginiň habar bermegine görä, 40 ýyl mundan ozal, ýagny 1979-njy ýylda ýurtda bag ekmek güni döredildi. Şondan bäri ýurtda her ýyl ählumumy agaç oturtmak çäresi geçirilip, gök zolaklaryň meýdanyny köpeltmek babatda degişli işler alnyp barylýar.
Bag ekilýän gün ýurtda bahar baýramçylygy hasaplanyp, ol Hytaýyň milli baýramçylygydyr. Her ýyl 12-nji martda ýurtda köpçülikleýin agaç nahallaryny oturtmak çäresi geçirilýär. 11-60 ýaş aralygyndaky her bir işe ukyply raýat ýylda 3-den 5-e çenli agaç nahalyny oturdyp, ony ýetişdirmelidir. Ýurduň hökümetiniň bu başlangyjy Hytaýyň ilaty tarapyndan uly goldawa eýe boldy. Her ýyl 500 milliona golaý hytaýly köpçülikleýin bag ekmek çäresine gatnaşýar. 2008-nji ýyldan bäri, meýletinçiler tarapyndan ýurtda 50 milliarddan gowrak agaç nahaly oturdyldy.
Soňky 40 ýylyň dowamynda Pekin şäheriniň ýaşaýjylary we meýletinçiler 200 milliondan gowrak agaç nahallaryny ekdiler. Geçen ýyl ýurduň paýtagtynda 1 milliona golaý bag nahallary ekildi. Üstümizdäki ýylda hem ýene-de 1 million agaç nahallaryny oturtmak meýilleşdirilýär. Munuň üçin 113 gektar ýer bölünip berildi.
Oguljennet ÖWEZOWA,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.