Zäh­met ba­za­ryn­da ozal­ky­sy ýa­ly, iş­le­ýän ze­nan­la­ryň sa­ny er­kek­le­re ga­ra­nyň­da az­dyr. Ola­ryň ara­syn­da­ky ara­ta­pa­wut örän ha­ýal dep­gin­ler bi­len azal­ýar. 2018-nji ýyl­da 2 mil­liard er­kek hem-de 1,3 mil­liard ze­nan iş üp­jün­çi­li­gi­ne eýe­di. Bu ba­ra­da Hal­ka­ra zäh­met gu­ra­ma­sy­nyň taý­ýar­lan tä­ze be­ýa­na­tyn­da bel­le­nip ge­çil­ýär.
Be­ýa­nat­da­ky gör­ke­zi­ji­le­re la­ýyk­lyk­da, ge­çen ýyl ze­nan­la­ryň 45 gö­te­ri­mi iş bi­len üp­jün­ edildi. Er­kek­le­riň bu ugur­da­ky gör­ke­zi­jisi bol­sa, 71 gö­te­ri­me deň­. Ze­nan­la­r iş üp­jün­çi­li­gi ba­bat­da ge­çi­ri­len pi­kir so­raş­ma­nyň ne­ti­je­le­ri­ne gö­rä, ola­ryň 70 gö­te­ri­mi iş­le­mek is­le­ýän­di­klerini be­ýan et­di, ýan­ýol­daş­la­ry­nyň 66,5 gö­te­ri­mi ola­ry gol­dap çy­kyş et­di­ler.
Hä­zir­ki wagt­da ýol­baş­çy we­zi­pe­le­rin­de iş­le­ýän ze­nan­la­ryň sa­ny 27 gö­te­ri­me deň­dir. Ze­nan­la­ryň er­kek­le­re ga­ra­nyň­da, zäh­met dur­mu­şy­nyň ýo­ka­ry baş­gan­çak­la­ry­na çalt bar­ýan­dy­gy mä­lim edil­di. Ze­nan me­ne­jer­le­riň ara­syn­da kan­di­dat­lyk ýa-da ylym­la­ryň dok­to­ry de­re­je­si­ni alan­la­ryň sa­ny er­kek me­ne­jer­le­re ga­ra­nyň­da köp­räk­dir. Hal­ka­ra zäh­met gu­ra­ma­sy dün­ýä döw­let­le­ri­ni iş­le­ýän ze­nan­la­ry gol­da­ýan sy­ýa­sa­ty ama­la aşyr­ma­ga ça­gyr­ýar.

Araztäç AŞYROWA,
Gubadag etrabynyň 4-nji “Şöhle”
çagalar bagynyň terbiýeçisi.