Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde erkekler hem-de zenanlar üçin dünýäniň iň gymmat, hoşboý ysly parfýumeriýa önümleri hödürlendi. Olaryň bahasy 1,3 million dollara deňdir. Dünýäniň iň gymmat atyry hasaplanýan “Shumukh” “Nabeel Perfumes” kompaniýalar toparynyň önümidir.
Ol “Dubai Mall” söwda merkezinde köpçülige hödürlendi. Bu hoşboý ysly atyr dürli gymmat bahaly daşlar bilen bezeldi. Atyryň gaby 38,55 karatlyk göwher daşlaryndan ýasaldy. Onuň düzüminde 2479,26 gram altyn hem-de 5892,88 gram sap kümüş bar.
Bu atyry ýasamak üçin 3 ýyl gerek boldy. Täze hoşboý ysy emele getirmek üçin dünýäniň dürli künjeginden tebigy ösümlikler peýdalanyldy. Olaryň hatarynda sandal agajy, müşk, seýrek duş gelýän arassa hindi agar agajy, türk bägüli, ladan we beýlekiler bar. Bu atyry taýýarlamak pikiri “Nabeel Perfumes” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Asgar Adama Aliniň kellesine gelýär. Bu pikiri durmuşa geçirmek işine Şweýsariýadan, Italiýadan we Fransiýadan çagyrylan hünärmenler gatnaşdylar.