Dünýäde her ýyl 1 mil­li­ar­da go­laý adam dü­mew­le­ýär. Şo­la­ryň 3-5 mil­lio­ny dü­me­wi kyn ýag­daý­da ge­çir­ýär. Bü­tin­dün­ýä Sa­gly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy dü­me­wi äh­lu­mu­my möç­ber­de esa­sy howp­la­ryň bi­ri hök­mün­de ka­bul edip, bu howp­ly dü­me­w wi­rusyna gar­şy tä­ze stra­te­gi­ýa iş­läp düz­di. Ol 2030-njy ýy­la çen­li döw­ri öz içi­ne al­ýar. Bu ba­ra­da BMG-niň Tä­ze­lik­ler mer­ke­zi ha­bar ber­ýär.
BSGG-niň baş di­rek­to­ry Ted­ris Geb­re­ýe­sus dü­me­we gar­şy gö­reş alyp bar­ma­gy has-da güýç­len­dir­jek­dik­le­ri­ni bel­le­ýär. Her ýyl 290 müň­den 650 mü­ňe çen­li adam dü­mew ze­rar­ly ara­dan çyk­ýar. Glo­ba­li­za­si­ýa, şä­her­leş­me hem-de köp­çü­lik­le­ýin gö­çüp bar­mak­lyk dü­me­wiň çalt ýaý­ra­ma­gy­na ge­tir­ýär.
11 ýyl­lyk stra­te­gi­ýa­nyň çäk­le­rin­de esa­sy 3 mak­sa­da ýet­mek üçin oý­la­ny­şyk­ly hem-de ne­ti­je­li mil­li mak­sat­na­ma­la­ry iş­läp düz­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Olar möw­süm­le­ýin dü­mew ha­dy­sa­la­ry­nyň sa­ny­ny azalt­mak­dan, haý­wan­lar­dan adam­la­ra howp­ly wi­rus­la­ryň geç­me­gi­niň öňü­ni al­mak­dan hem-de giň­den ýaý­ra­mak müm­kin­çi­li­gi bo­lan epi­de­mi­ýa­nyň ne­ti­je­le­ri­ni gow­şat­mak­dan yba­rat. Tä­ze stra­te­gi­ýa­ny dur­mu­şa ge­çir­mek üçin tak­my­nan her ýyl or­ta­ça 4,5 mil­liard dol­lar ze­rur bo­lup dur­ýar. Şo­nuň üçin hem BSGG-niň hü­när­men­le­ri dü­me­we gar­şy gö­re­şi güýç­len­dir­mäge ça­gy­ryp, san­jy­myň dü­me­we gar­şy gö­reş­de iň ne­ti­je­li usuldy­gy­ny ýe­ne-de bir ge­zek bel­läp geç­di­ler.