Düýn UEFA-nyň Ni­on­da­ky mer­ke­zi eda­ra bi­na­syn­da Çem­pi­on­lar hem-de Ýew­ro­pa li­ga­la­ry­nyň çär­ýek we ýa­rym fi­nal­la­ry­nyň bi­je çe­ki­liş da­ba­ra­sy bol­dy. Bi­jä la­ýyk­lyk­da, UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da ge­çen ýy­lyň fi­nal­çy­sy “Li­wer­pul” “Por­to” bi­len bi­je çe­kiş­di. Tap­gy­ryň iň esa­sy oý­ny-da “Bar­se­lo­na” bi­len “Man­çes­ter Ýu­naý­te­diň” ara­syn­da bo­lar. Soň­ky çem­pi­on “Re­al Mad­ri­di ýa­ryş­dan çy­ka­ran “Aýaks” bol­sa, su­per ýyl­dyz Kris­tia­no Ro­nal­do­nyň to­pa­ry “Ýu­wen­tus” bi­len ýa­rym fi­na­la çyk­mak üçin öza­ra güýç sy­na­ny­şar. Iki iň­lis klu­by “Tot­ten­ham” bi­len “Man­çes­ter Si­ti­niň” ara­syn­da­ky du­şu­şyk­da-da bi­ler­men­ler Pep Gu­ar­dio­la­nyň to­pa­ry­ny ýa­rym fi­na­la has go­laý ha­sap­la­ýar­lar. Şeý­le-de ýa­rym fi­na­lyň bi­je­le­ri çe­ki­lip, “Aýaks”–“Ýu­wen­tus” du­şu­şy­gy­nyň ýe­ňi­ji­si “Tot­ten­ham”–“Man­çes­ter Si­ti” oý­nu­nyň ýe­ňi­ji­si bi­len du­şu­şar. Beý­le­ki ta­rap­da-da “Bar­se­lo­na”–“Man­çes­ter Ýu­naý­ted” oý­nun­da üs­tün çy­kan ta­rap, ýa­rym fi­nal­da “Li­wer­pul” ýa-da “Por­to” iki­sin­den haý­sy­dyr bi­ri bi­len oý­nar.
UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň çär­ýek fi­na­ly­nyň du­şu­şyk­la­ry 9–10-njy we 16–17-nji ap­rel­de, ýa­rym fi­nal oýun­la­ry-da 30-njy a­prel–1-nji maý­da hem-de 7–8-nji maý­da oý­na­lar. Fi­nal du­şu­şy­gy bol­sa, 1-nji iýun­da, şen­be gü­ni Mad­rid­dä­ki “Wan­da Met­ro­po­li­ta­no” sta­dio­nyn­da ge­çi­ri­ler.

Deň ýarysy iňlis toparlary
UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da 1/8 fi­na­lyň ga­lan 4 du­şu­şy­gy oý­na­lyp, “Ýu­wen­tus”, “Man­çes­ter Si­ti”, “Li­wer­pul” hem-de “Bar­se­lo­na” to­par­la­ry çär­ýek fi­nal­çy bol­dy. UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da çär­ýek fi­na­la çy­kan 8 to­pa­ryň deň ýa­ry­sy iň­lis klu­by bo­lup, şeý­le ha­sa­bat 2007/08 hem-de 2008/09 möw­süm­le­rin­den soň, 3-nji ge­zek ha­sa­ba alyn­ýar. Şol möw­süm­ler­de “Ar­se­nal”, “Çel­si”, “Li­wer­pul” we “M. Ýu­naý­ted” çär­ýek fi­na­la çy­kyp­dy.
Ga­lan 4 to­par we­lin, 4 ýur­da de­giş­li bo­lup, olar ital­ýan, gol­land, por­tu­gal hem-de is­pan klub­la­ry­dyr. Ýew­ro­pa­nyň öň­de­ba­ry­jy li­ga­la­ry ha­sap­lan­ýan “Bun­des­li­ga­dan” (13 ýyl­dan soň il­kin­ji ge­zek) we “Li­gue 1”-den ýe­ke klub hem Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň iň go­wy se­kiz­li­gi­ne dü­şüp bil­me­di. Iň­lis to­par­la­ry­nyň üçü­si­niň ne­mes klub­la­ry­ny ýa­ryş­dan çy­ka­ran­dy­gy aý­ra­tyn bel­lär­lik­li­dir. Iň­lis, is­pan, ital­ýan hem-de ne­mes klub­la­ry­nyň 4-si­niň ýa­ry­şa gö­nü­mel gat­na­şyp, hä­zir­ki wagt­da şo­lar­dan di­ňe iň­lis to­par­la­ry­nyň 4-si­niň ýa­ry­şy do­wam ed­ýän­di­gi­ni ýat­la­da­lyň.