UEFA Ýewropa ligasynda 1/8 finalyň jogap oýunlaryndan soň, 2 iňlis, 2 ispan, 1 italýan, 1 nemes, 1 çeh hem-de 1 portugal kluby çärýek finalçy boldy.
Londonyň “Çelsi” topary Oliwie Žirunyň het-trik eden oýnunda Kiýewiň “Dinamosyny” 5–0 hasabynda utdy (Žiru 5, 33, 59, Alonso 45+1, Hudson-Odoi 78). 1-nji oýunda “Rennden” 3–1 ýeňlen “Arsenal” öz meýdançasynda gerek bolan hasaby gazandy. Duşuşykda Obameýang (5, 72) hem-de Maitland-Niles (15) tapawutlandy. Rus toparlaryndan üstün çykan ispan klublary “Wilýarreal” öz meýdançasynda-da “Zeniti” 2–1 hasabynda ýeňdi (Jerard 29, Bakka 47 — Iwanowiç 90+1). Myhmançylykda “Krasnodar” bilen duşuşan “Walensiýa” soňky minutlarda hasaby deňläp, indiki tapgyra çykmagy başardy (1–1; Suleýmanow 85 — Gedeş 90+3). Italiýada 3–0 ýeňiş gazanan “Napoli” myhmançylykda “RB Salsburgdan” 3–1 ýeňilse-de, çärýek finala adyny ýazdyrdy (Dabur 25, Gulbrandsen 65, Leitgeb 90+2 — Milik 14). Golsuz geçen 1-nji duşuşygyň jogap oýnunda “Inter” “San Siroda” “Aýntrahtdan” 1–0 asgyn gelip (Ýowiç 6), ýaryşdan çykdy. Zagrebde “Dinamodan” 1–0 utulan “Benfika” öz meýdançasynda esasy wagtda Žonasyň goly bilen 1–0 öňe saýlandy. Goşmaça wagtda-da Ferro (94) hem-de Grimaldonyň (105) gollary portugal toparyna ýeňiş getirdi. Tapgyryň iň köp ünsi çeken we garaşylmadyk netije bilen tamamlanan oýny “Slawiýa Praga” bilen bu kubogyň 5 gezek eýesi “Sewilýanyň” arasyndaky duşuşyk boldy. Pragadaky jogap duşuşygynda 1-nji oýundaky hasap gaýtalandy (2–2; Ngadeu-Ngadjui 15, Souçek 47 p — Ben Ýedder 44 p, Munir 54). Goşmaça 30 minutda ispanlar Franko Waskesiň 98-nji minutdaky goly bilen öňe-de saýlandy. Emma ruhdan düşmedik ýer eýeleri 4–3 hasabynda ýeňşini baýram etdi. Çehlere ýeňiş getiren gollary 102-nji minutda Wan Buren, 119-njy minutda-da Ibrahim Traore derwezä girizdi.