Fi­na­lyň ge­çi­ril­jek sta­dio­ny bo­lan “Wanda Met­ro­po­li­ta­no­da” 2–0 ýe­ňen “At­le­ti­ko” myh­man­çy­lyk­da “Ýu­wen­tus­dan” 3–0 utul­dy. Ýer eýe­le­ri­niň do­ly ar­tyk­maç­ly­gyn­da ge­çen oý­nuň gol­la­ry­nyň 3-si­ni hem su­per ýyl­dyz Kris­tia­no Ro­nal­do öz ady­na ýaz­dyr­dy. 34 ýa­şyn­da­ky ýyl­dyz oýun­çy gol­la­ryň 2-si­ni 27-nji we 48-nji mi­nut­lar­da kel­le bi­len, 3-nji pök­gü­si­ni-de 86-njy mi­nut­da pe­nal­ti­den der­we­zä gi­riz­di. Şeý­le­lik­de, umu­my ha­sap­da 3-2 öňe saý­la­nan “Ýu­wen­tus” ta­ry­hyn­da 12-nji ge­zek çär­ýek fi­na­la çyk­dy. Ro­nal­do bol­sa özü­niň 8-nji het-tri­gi­ni edip, bu ugur­da Mes­si bi­len deň­leş­di. Ol Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da­ky gol­la­ry­nyň sa­ny­ny 124-e ýe­tir­di. Ol “At­le­ti­ko­nyň” to­run­dan 35 oýun­da 25 gol ge­çir­di. Şeý­le-de Ro­nal­do Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da 77-nji utu­lan-çyk­dy du­şu­şy­gyn­da 77-nji go­lu­ny der­we­zä gi­riz­di.

“MANÇESTER SITINIŇ” 7 GOLY

Ger­ma­ni­ýa­dan ýe­ňiş bi­len (3–2) do­la­nan “Man­çes­ter Si­ti” öz meý­dan­ça­syn­da “Şal­ke” to­pa­ry­ny der­bi-da­gyn et­di. 7 gol ge­çi­ren iň­lis­ler 3-nji ge­zek çär­ýek fi­na­la çyk­dy. Gol­la­ryň 2-si­ni Ague­ro (35 p, 38), beý­le­ki­le­ri-de 3 go­luň pa­sy­ny be­ren Sa­ne (42), Ster­ling (56), Ber­nar­do Sil­wa (71), Fo­den (78) hem-de Gab­ri­el Že­sus (84) to­ra ýol­la­dy. Bu ha­sap Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň ta­ry­hyn­da pleý-off­lar­da­ky iň uly ara­ta­pa­wut diý­lip bel­li­ge alyn­dy. Iki oý­nuň ne­ti­je­si bo­ýun­ça ga­za­ny­lan 10–2 ha­sa­byn­daky ýe­ňiş hem bäsleşigiň rekordy boldy.

“LIWERPULDA” MANE BAR

Bi­rin­ji oýun­la­ryn­da gol ge­çi­ril­me­dik 2 du­şu­şyk­da “Li­wer­pul” myh­man­çy­lyk­da “Ba­wa­ri­ýa­ny” 3–1, “Bar­se­lo­na” bol­sa öz meý­dan­ça­syn­da “Lio­ny” 5–1 ýeň­di. Ge­çen ýy­lyň fi­nal­çy­sy “Li­wer­pul” “Al­lianz Are­na­da­ky” oý­na er­jel baş­la­dy. 26-njy mi­nut­da Ra­fin­ýa we No­ýe­riň säw­lik­le­rin­den peý­da­la­nan “Li­wer­pu­lyň” se­ne­gal­ly hü­jüm­çi­si Sa­dio Ma­ne ha­sa­by aç­dy. 39-njy mi­nut­da Gnab­ri­niň der­we­zä­ ta­rap to­pu­ny Jo­el Ma­tip ýal­ňyş­lyk bi­len öz to­run­dan ge­çi­rip, ha­sa­by deň­le­di. 2-nji ýa­rym­da ýer eýe­le­ri oý­ny öz meý­dan­ça­syn­da ka­bul edip, hü­jüm eden to­par “Li­wer­pul” bol­dy. 69-njy mi­nut­da yz­ly-yzy­na burç­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len ur­gu­lar­dan soň, myh­man­la­ryň gol­lan­di­ýa­ly go­rag­çy­sy Wir­gil Wan Deýk iň­lis­le­ri öňe saý­la­dy. 84-nji mi­nut­da-da Mo­ham­med Sa­la­hyň owa­dan pa­syn­dan soň, to­py kel­le­si bi­len to­ra ýol­lan Ma­ne du­şu­şy­ga soň­ky no­ka­dy goý­dy. Şeý­le­lik­de, “Li­wer­pul” 3–1 ha­sa­byn­da ýe­ňip, Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da 7-nji, umu­my­lyk­da-da 15-nji ýo­la çär­ýek fi­na­la çyk­dy. “Ba­wa­ri­ýa” bol­sa bas­syr 7 ýyl­dan soň, il­kin­ji sa­par çär­ýek fi­na­la çy­kyp bil­me­di. Du­şu­şyk­da “Ba­wa­ri­ýa­nyň” der­we­ze­si­ni go­ran Manuel No­ýer Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da­ky 100-nji du­şu­şy­gy­ny ge­çir­di. Ol bu gör­ke­zi­jä ýe­ten 38-nji oýun­çy, 6-njy der­we­ze­çi bol­dy.

MESSI we ÝOLDAŞLARY

Fran­si­ýa­da­ky gol­suz ta­mam­la­nan oýun­dan soň, “Bar­se­lo­na” öz meý­dan­ça­syn­da “Li­on­dan” uly ha­sap bi­len üs­tün çyk­dy. 18-nji mi­nut­da bel­le­nen pe­nal­ti­ni dürs uran Lio­nel Mes­si ha­sa­by aç­dy. 31-nji mi­nut­da Kou­ti­nio ha­sa­by 2–0-a ýe­tir­di. 58-nji mi­nut­da Lu­kas Tu­sar “Lio­ny” umyt­lan­dy­ran go­ly ge­çir­di. Şon­dan soň, “Li­on” 10–15 mi­nut­lap şow­ly oýun gör­kez­se-de, ola­ra ha­sa­by deň­le­mek ba­şart­ma­dy. 78-nji mi­nut­da Mes­si, 81-nji mi­nut­da Je­rard Pi­ke, 86-njy mi­nut­da-da Us­man Dem­be­le ka­ta­lon­la­ra uly ta­pa­wut­ly ýe­ňiş ga­zan­dy­ran oýun­çy­lar bol­dy. Soň­ky 2 go­luň hem pa­sy­ny be­ren Mes­si oý­nuň iň ök­de oýun­çy­sy diý­lip saý­lan­dy. Şeý­le­lik­de, bas­syr 12-nji (öz re­kor­dy­ny ös­dür­di), umu­my­lyk­da 18-nji sa­par Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da (1992-nji ýyl­dan bä­ri) çär­ýek fi­na­la ady­ny ýaz­dyr­dy. “Bar­se­lo­na” Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da 30 du­şu­şyk­dan bä­ri öz meý­dan­ça­syn­da ýe­ňil­män gel­ýär we bu ugur­da “Ba­wa­ri­ýa­nyň” re­kor­dy­ny tä­ze­le­di. Mes­si bol­sa, Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň çäk­le­rin­de “Kamp Nou­da­ky” 61-nji du­şu­şy­gyn­da gol­la­ry­nyň sa­ny­ny 62-ä ýe­tir­di.