Rus­si­ýa­nyň Kras­no­ýarsk şä­he­rin­de ge­çi­ri­len 29-njy gyş­ky Uni­wer­sia­da ta­mam­lan­dy. 12 gün­läp do­wam eden Uni­wer­sia­da 58 ýurt­dan 3000 tür­gen gat­na­şyp, olar spor­tuň umu­my­lyk­da 11 gör­nü­şi bo­ýun­ça me­dal­lar top­lu­my­nyň 76-sy ug­run­da bäs­leş­di­ler. Me­dal­la­ryň sa­na­wyn­da ýer eýe­le­ri has ýo­ka­ry ne­ti­je gör­ke­zip, 1-nji or­ny eýe­le­di­ler. Rus­si­ýa­ly ta­lyp­lar 41 al­tyn, 39 kü­müş, 32 bü­rünç je­mi 112 me­dal ga­zan­dy­lar. 2-nji orun­da­ky Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň tür­gen­le­ri­niň 6 al­ty­ny, 4 sa­ny-da kü­müş­dir bü­rünç me­da­ly bar. Azi­ýa­nyň baş­ga bir we­ki­li ýa­pon­lar 5 al­tyn, kü­müş we bü­rünç me­dal­la­ryň hem her­sin­den 4-si­ni alyp, 3-nji ýe­ri eýe­le­di­ler. To­par­la­ýyn ýa­ryş­lar­da hok­keý bo­ýun­ça er­kek­le­riň we gyz­la­ryň ara­syn­da-da Rus­si­ýa­nyň to­pa­ry al­tyn me­da­la my­na­syp bol­dy. Ben­di bo­ýun­ça bäs­le­şik­ler­de og­lan­la­ryň ara­syn­da rus­lar, gyz­la­ryň ara­syn­da şwed­ler ýe­ňiş ga­zan­dy. Kör­ling­de al­tyn me­dal­la­ry Skan­di­naw ýurt­la­ry­nyň we­kil­le­ri — Nor­we­gi­ýa (og­lan­lar) bi­len Şwe­si­ýa­nyň (gyz­lar) ta­lyp­la­ry almagy başardy.