Soň­ky 10 gü­nüň do­wa­myn­da il­ki Is­pa­ni­ýa­nyň Şa Ku­bo­gy ýa­ry­şy­nyň, soň­ra UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň da­şyn­da ga­lan “Re­al Mad­rid” to­pa­ry tä­lim­çi­si­ni ça­lyş­dy. 4 gün­de 2 “El Kla­si­ko­da” as­gyn ge­lip, “La Li­ga­da-da” çem­pi­on­lyk­dan uzak­la­şan “Re­al” ozal­ky tä­lim­çi­si Zi­ne­din Zi­da­ny we­zi­pä bel­le­di. Mad­rid­li­ler ge­çen ýy­lyň 31-nji ma­ýyn­da we­zi­pe­si­ni taş­lan Zi­dan bi­len 2022-nji ýy­lyň tom­su­na çen­li de­giş­li şert­na­ma bag­laş­dy. 2016-njy ýy­lyň 4-nji ýan­wa­ryn­dan 2018-nji ýy­lyň 31-nji ma­ýy­na çen­li “Rea­lyň” tä­lim­çi­si bo­lan Zi­dan şol 2,5 ýyl­lyk dö­wür­de to­pa­ra 9 ku­bok (3 Çem­pi­on­lar li­ga­sy, 1 “La Li­ga”, 2 UEFA Su­per ku­bo­gy, 2 FI­FA klub­lar ara­sy Dün­ýä Ku­bo­gy) ga­zan­dy­ryp­dy. Met­bu­gat­da çy­kan ha­bar­la­ra gö­rä, to­pa­ryň pre­zi­den­ti Flo­ren­ti­no Pe­rez Zi­da­na trans­fer üçin 400 mil­li­on funt ster­ling be­rer. To­pa­ryň to­mus­ky trans­fer möw­sü­mi­ni ju­da he­re­ket­li ge­çir­me­gi­ne, Erik­sen, Ha­zard, Mbap­pe ýa­ly oýun­çy­la­ry trans­fer et­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.