Dünýä Ralli çempionatynda möwsümiň 3-nji ýaryşy Meksikanyň Guanahuato ştatynda geçirildi. 316,51 kilometrlik trassany 3 sagat 37 minut 08 sekuntda geçmegi başaran fransiýaly Sebastian Ožie (“Citroen”) ýeňiş gazandy. Geçen ýaryşda ilkinji gelmegi başaran “Toyota Gazoo” toparyndan estoniýaly Ott Tanak 30,2 sekunt yza galyp 2-nji, britaniýaly pilot Elfin Ewans (“Ford”) bolsa 3-nji ýeri eýeledi. Geçirilen 3 ýaryşdan soň, Tanak 65 utuk bilen birinjiligini saklaýar. Soňky 6 ýylyň çempiony Sebastian Ožie 61 utuk bilen 2-nji orna geçdi. Belgiýaly sürüji Tierri Noýwill 3-nji hatarda (55 utuk) barýar. Indiki ýaryş şu aýyň aýagyna Fransiýada geçiriler.