Dün­ýä­niň iň köp to­ma­şa edil­ýän aw­to­mo­bil bäs­le­şik­le­ri­niň bi­ri bo­lan For­mu­la 1 ýa­ryş­la­ry­nyň tä­ze möw­sü­mi­ne, 70-nji ýu­bi­leý möw­sü­mi­ne er­tir Awst­ra­li­ýa­da ba­dal­ga ber­ler. Tä­ze möw­süm­de 21 ýa­ryş bo­lup, ol adat­ça bol­şy ýa­ly, no­ýab­ryň ahy­ryn­da Abu Da­bi “Gran Pri­si” bi­len jem­le­ner. 10 to­par ýa­ry­şa gat­na­şyp, 14 ýurt­dan 20 sü­rü­ji çem­pi­on­lyk ug­run­da ýi­ti gö­reş alyp ba­rar. To­par­lar­dan “Force In­dia” to­pa­ry bu ýyl­dan baş­lap, F1-e gat­naş­maz. “Sau­ber” to­pa­ry bol­sa, “Al­fa Ro­meo” to­pa­ry di­ýen at bi­len çy­kyş eder. Bri­ta­ni­ýa­ly Jorj Ras­sel (Wil­liams”) bi­len Lan­do Nor­ris (“McLa­ren”) hem-de tai­land­ly Alek­san­der Al­bon (“To­ro Ros­so”) da­gy F1-iň tä­ze sü­rü­ji­le­ri bo­lar­lar. Çem­pi­on­ly­gyň esa­sy da­laş­gär­le­ri hök­mün­de-de soň­ky çem­pio­ny “Mercedes”-iň iň­lis sü­rü­ji­si Le­wis Ha­mil­ton, ulag­la­ry­ny has-da güýç­len­di­ren “Fer­ra­ri” to­pa­ry­nyň ne­mes sü­rü­ji­si Se­bas­ti­an Wet­tel ha­sap­lan­ýar. “Fer­ra­ri­den” gaý­dyp, 34 ýyl­dan soň, F1-e do­la­nan “Al­fa Ro­meo” to­pa­ry­nyň ha­ta­ry­na go­şu­lan 39 ýaş­ly Ki­mi Ra­ik­ko­nen, şeý­le-de awst­ra­li­ýa­ly Da­ni­el Rik­ki­ar­do (“Re­nault”), gol­lan­di­ýa­ly Maks Wers­tap­pen (“Red Bull”), Ha­mil­to­nyň finl­ýan­di­ýa­ly to­par­da­şy Walt­te­ri Bot­tas da­gy hem beý­le­ki da­laş­gär­ler diý­lip gör­ke­zil­ýär. 2011-nji ýyl­da­ky awa­ri­ýa­dan soň F1 bi­len hoş­la­şan pol­şa­ly Ro­bert Ku­bi­sa hem tä­ze­den For­mu­la 1-e do­lan­dy. 34 ýa­şyn­da­ky sü­rü­ji “Wil­liams” to­pa­ryn­da çy­kyş eder.