Ýurdumyzda Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni uly ruhubelentlik bilen bellenildi. Bu baýramçylyk mynasybetli dabaralar däp bolşy ýaly, Nowruz ýaýlasynda ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde ägirt uly “Türkmeniň ak öýi” guruldy. Ýaýlada, Ahalyň dag etegindäki jülgesinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ýurdumyzy giň möçberli bagy-bossanlyga öwürmek maksatnamasynyň nobatdaky tapgyrynyň durmuşa geçirilmegine badalga berildi.
Hormatly Prezidentimiz bu ýere dikuçarda geldi we soňra awtoulagda “Nowruz ýaýlasynyň” ýörite niýetlenen meýdançasyna bardy. Bu ýere ýowara gatnaşyjylaryň örän köp sanlysy ýygnandy. Milli Liderimizi Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary garşyladylar. Hemme ýerde aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlandy.
Çärä çagyrylan myhmanlaryň hatarynda Türkmenistanda işleýän diplomatik düzümiň, şol sanda BMG-niň düzümleýin edaralarynyň wekilleri bar. Söhbetdeşligiň barşynda döwlet Baştutanymyz daşary ýurtly diplomatlara ýurdumyzda guralýan möhüm çäreleriň ählisine işjeň gatnaşýandyklary, özleriniň Türkmenistanda wekilçilik edýän döwletleri we halkara guramalary bilen gatnaşyklary ösdürmäge, sebit hem-de halkara derejeli ägirt uly taslamalary durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiz olaryň hem şu günki ýowar ýaly giň möçberli çärelere gatnaşmak bilen, milli bag ekmek maksatnamasyny durmuşa geçirmäge uly goşant goşýandyklaryny belläp, şeýle asylly işleriň tutuş dünýäde amala aşyrylýandygyny nygtady. Munuň özi asylly däp bolmak bilen, özara düşünişmek ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyna ýardam edýär.
Hormatly Prezidentimiz bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, daşky gurşawy goramagyň, tebigata aýawly garamagyň, onuň gözelligini we baýlyklaryny geljekki nesiller üçin saklap galmagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny belledi. Biziň ýurdumyzda BMG-niň “2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň” möhüm ähmiýetli ugry, adamlaryň abadan durmuşynyň möhüm şertleriniň biri hökmünde ekologiýa aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň we ilçihanalaryň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyza netijeli işlemek üçin döredilen amatly şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwletiň hem-de jemgyýetiň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolan çärelere gatnaşmagyň özleri üçin uly hormat-sarpadygyny nygtadylar.
Milli Liderimiz Nowruz ýaýlasynyň gözelligine syn edip, tokaý zolaklaryny döretmek baradaky asylly başlangyjyň halkymyz tarapyndan ruhubelentlik bilen kabul edilendigini hem-de köpçülikleýin häsiýete eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belledi.
Baharyň gelmegi bilen dag etegindäki ýaýla has-da gözel keşbe eýe bolmak bilen, tebigatyň oýanýandygyny alamatlandyrdy. Bu ajaýyp gözellik adamlaryň ruhubelentligi bilen aýratyn sazlaşyk döredýär. Bag ekmek çäresine gatnaşýan köp sanly adamlar döwlet Baştutanymyzy mähirli gutladylar.
Ýurdumyzda bag ekmek boýunça ählihalk ýowarlaryny, şol sanda Nowruzyň hormatyna ýowarlary geçirmek asylly däbe öwrüldi. Şeýle çäreler möhüm ähmiýetli ählihalk işine dahylly bolmaga çalyşýan adamlary birleşdirýär. Ildeşlerimiz baýramçylyk gününde arassa howada durmuş ähmiýetli işi ýerine ýetirmek bilen, özlerini uly we agzybir maşgalanyň bir ülşi hökmünde duýýarlar.
Soňra hormatly Prezidentimiz bag nahallaryny oturtmak üçin niýetlenen ýörite meýdança barýar. Bu ýerde milli Liderimiz ýaşajyk tut nahalyny oturtmak bilen, köpçülikleýin bag ekmek çäresine badalga berýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjyna ýygnananlaryň ählisi agzybirlik bilen goşuldylar. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň hem-de Türkmenistanda işleýän diplomatik düzümiň wekilleri türkmen topragynyň baýlygyny artdyrýan çärä işjeň gatnaşdylar.
Türkmen artistleriniň — sazandalaryň, aýdymçylaryň, folklor toparlarynyň joşgunly çykyşlary ýowaryň bezegine öwrüldi. Nowruz ýaýlasynda ýaňlanan joşgunly halk aýdymlary we ýerine ýetirilen tanslar, gadymy däp-dessurlaryň gözelligi baýramçylyga özboluşly öwüşgin çaýyp, bu wakanyň ähmiýetini has-da artdyrdy we tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.
Hormatly Prezidentimiz hoşlaşan mahaly bag ekmek çäresine gatnaşanlaryň hemmesine minnetdarlyk bildirdi we bu ýerden ugrady.
Giň möçberli bag ekmek çäresi – mähriban topraga hormat-sarpanyň nyşanyna öwrülen baýramçylyk ýurdumyzyň ähli ýerlerinde geçirildi. Ýowara dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, döwlet hem-de hususy kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri işjeň gatnaşyp, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky çagyryşyna agzybirlik bilen jogap berdiler.
Açyk asmanyň astynda gurnalan sahnalarda, bag ekilen meýdançalaryň golaýynda estrada ussatlary, döredijilik toparlary çykyş edip, mähriban topragymyzyň gaýtalanmajak gözelligini hem-de halkymyzyň döredijilikli zähmetini, eziz Watanymyzyň täze taryhy eýýamda gazanan üstünliklerini wasp etdiler. Hemme ýerde oba hojalyk, azyk we dokma önümleriniň, dermanlyk ösümlikleriň, halk senetçiliginiň önümleriniň, nakgaşçylyk işleriniň sergileri guraldy. Baýramçylyk mynasybetli taýýarlanan tagamlar hem bu çärä toý öwüşginini çaýdy.
Tutuş ýurdumyz boýunça ählihalk ýowarynyň barşynda agaç nahallarynyň 460 müňden gowragy oturdyldy. Agaç nahallaryny oturtmak çäresinden başga-da, öňden bar bolan agaçlara ideg etmek işleri ýerine ýetirildi. Häzirki döwürde Türkmenistanda bu köpýyllyk işiň netijeleri aýdyň görünýär — ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki giň meýdanlarda elde döredilen tokaýlar ýaýylyp ýatyr. Ekilen agaçlaryň sany bolsa, onlarça milliona barabardyr.