19-njy mart­da ge­çi­ri­len san­ly wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly iş mas­la­ha­tyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de bir­ba­da iki sa­ny döw­re­bap has­sa­ha­na­nyň gu­rul­ma­gy ba­bat­da gol çe­ken Ka­ra­ry ýur­du­my­zyň gün­ba­tar se­bi­ti­niň ýa­şaý­jy­lary üçin ýat­dan çyk­ma­jak wa­ka öw­rül­di. Ýur­du­my­zyň hu­su­sy kär­ha­na­la­ry­nyň gur­jak bu has­sa­ha­na­la­ry 2021-nji ýyl­da ulan­ma­ga ber­ler we go­ja­man Ha­za­ryň ke­na­ryn­da­ky Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň bi­na­gär­lik ke­şbi­ne aý­ra­tyn öwüş­gin ça­ýar.
Mil­li Li­de­ri­miz ýur­du­myz­da we dün­ýä­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni wa­gyz et­mek­de, şeý­le hem ony dur­mu­şa or­naş­dyr­mak­da ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak iş­le­ri ama­la aşyr­ýar.
Bu gün­ki gün dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň Türk­me­nis­ta­ny sag­dyn­ly­gyň ro­waç­lan­ýan Wa­ta­ny hök­mün­de yk­rar et­me­gi we ýur­du­my­zyň äh­li kün­je­gin­de ýo­ka­ry luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan sag­lyk mak­sat­ly des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy­nyň bir­kem­siz do­wam et­di­ril­me­gi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öz hal­ky ba­bat­da gi­je-gün­diz ir­gin­siz ala­da ed­ýän­di­gi­niň su­but­na­ma­sy­dyr.
“Türk­me­nis­tan – ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny” ýy­ly­nyň il­kin­ji gün­le­rin­de “Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2019 – 2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy” ka­bul edil­di. Tä­ze Pre­zi­dent Mak­sat­na­ma­sy üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu Maks­at­na­ma la­ýyk­lyk­da, eý­ýäm ýur­du­myz­da en­çe­me iri tas­la­ma­la­ryň gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga be­ril­di. Şeý­le tas­la­ma­la­ryň ýe­ne-de ikisi ba­bat­da mil­li Li­de­ri­miz ta­ra­pyn­dan ta­ry­hy Ka­ra­ra gol çe­kil­di. Şol Ka­rar­la­ra la­ýyk­lyk­da, “Us­sat-In­že­ner” hu­su­sy kär­ha­na­sy ta­ra­pyn­dan Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de 400 orun­lyk kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na, “Çe­per Gur­lu­şyk” hu­su­sy kär­ha­na­sy ta­ra­pynd­an bol­sa, 100 orun­lyk ýo­kanç ke­sel­ler has­sa­ha­na­sy gur­lup, ulan­ma­ga ber­ler. Bu tas­la­ma­la­ryň gur­lu­şyk iş­le­ri 2019-njy ýy­lyň mart aýyn­da baş­la­nyp, ola­ry 2021-nji ýy­lyň iýul aýyn­da ulan­yşa do­ly taý­ýar edip tab­şyr­mak göz öňün­de tu­tul­ýar.

Ahat NURÝAGDYÝEW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.