Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda oba hojalygynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Obasenagat pudagy özüniň täze ösüş ýoluna düşdi. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek hem-de dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ugrudyr.
Bu pudagyň ýokary depginde ösdürilmegine, ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijilere hemmetaraplaýyn döwlet goldawyny bermäge gönükdirilen çäreleriň netijesinde, ulgamda düýpli üstünlikler gazanyldy we gazanylýar. Obasenagat toplumyna iri maýa goýum serişdeleri goýberilýär, munuň özi ýurdumyzyň sebitlerini senagat taýdan okgunly ösdürmäge, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge we tutuşlygyna döwletimiziň ykdysady abadançylygyna, ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam eder.
Obasenagat toplumynda pagtaçylyga hem uly orun degişlidir. Ýurdumyzda oba hojalygynda ýene-de bir möhüm hem-de gyzgalaňly möwsüm başlady. Ol hem gowaça ekişidir. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 15-nji martynda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde eden çykyşynda merdana daýhanlarymyza yhlasly zähmet çekip, şu ýylda ýurdumyz boýunça 1 million 600 müň tonna bugdaý hem-de 1 million 50 müň tonna “ak altyn” öndürmegi maksat edinýändiklerini belläp, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 23-nji martda, Daşoguz welaýatynda hem 27-nji martda gowaça ekişine girişmäge ak pata berdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, daýhanlarymyz ýokary hilli tohum, dürli görnüşli dökünler, kämil oba hojalyk tehnikalary, zerur mukdarda suw bilen, şeýle hem beýleki gerekli serişdeler bilen doly üpjün edilýär.
Oba zähmetkeşleriniň pagtanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmegi üçin döwlet tarapyndan giň goldaw berilýär. Ekerançylar üçin häzirki zaman traktorlary, kombaýnlar, ekiş gurallary we beýlekiler satyn alynýar. Bu tehnikalar ekerançylaryň işleriniň ilerlemegine ýakyndan ýardam berýär. Daşary ýurtlardan satyn alnan kuwwatly tehnikalar sazlaşykly işledilýär. Şu ýyl gowaça ekişine hususy önüm öndürijiler hem degişli derejede taýýarlyk görýärler. Olar oba hojalyk ähmiýetli ýörite ýer gaznasyndan ýer böleklerini aldylar. Şu ýyl hususyýetçiler 33 müň 805 gektar meýdanda gowaça ösdürip ýetişdirerler.
Oba zähmetkeşleri hormatly Prezidentimiziň obasenagat toplumynyň öňünde goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikleri netijeli peýdalanýarlar. Oba hojalyk öndürijilerini maliýe taýdan höweslendirmek maksady bilen, önümleriň döwlet tarapyndan satyn alynýan bahalaryny yzygiderli ýokarlandyrmak, ýeňillikli salgyt salmak hem-de karz bermek ýaly usullar hem giňden peýdalanylýar. “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” ýylynda mӧwsümleýin oba hojalyk işleriniň taýýarlygy giňden ýaýbaňlandyryldy. Daýhanlar her ýylda “ak altynyň” bol hasylyny ýetişdirýärler. Häzirki döwürde Türkmenistanda ýetişdirilýän pagta ýurdumyzyň çägindäki dokma senagatynyň kärhanalarynda gaýtadan işlenilip, ýüplük, taýýar önümler we beýleki dokma önümleri bolup, daşary ýurt bazarynda öz mynasyp ornuny alýar.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 – 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň barşynda hem oba hojalyk ulgamynda we azyk önümlerini öndürmekde hil taýdan täze sepgitlere ýetiler. Bu Maksatnamanyň amala aşyrylmagy eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine we rowaçlanmagyna, ilatymyzyň abadançylygynyň has-da ýokarlandyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam eder.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe obasenagat toplumyny hil taýdan täze sepgitlere çykarýan milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli maksatnamalary hemişe rowaçlyklara beslensin!
Ýagşymyrat ARAZNAZAROW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
mugallymy.