“The Econo­mist” žur­na­ly­nyň bi­ler­men­le­ri dün­ýä­niň iň gym­mat şä­her­le­riniň sa­na­wy­ny düz­di. Bu ugur­da il­kin­ji orun­lary de­giş­li­lik­de, Sin­ga­pu­r, Pa­ri­ž hem-de Gon­kon­g eýelemegi başardy. Bu şä­her­ler­de ýa­şa­ma­gyň gör­ke­zi­ji­si sa­naw­da ýe­din­ji orun­da dur­ýan ABŞ-nyň Nýu-Ýork şä­he­rin­den 7 gö­te­rim ýo­ka­ry­dyr. Dör­dün­ji orun­da Sýu­rih bolup, bä­şin­ji or­ny Že­ne­wa bi­len Ýa­po­ni­ýa­nyň Osa­ka şä­her­le­ri paý­laş­dy. 7-nji orun­da Nýu-Ýork­dan baş­ga-da, Se­ul bilen Ko­pen­ga­gen şä­her­le­ri hem bar. Il­kin­ji on­lu­ga Los-An­je­les we Tel-Awiw şä­her­le­ri­ hem gir­di.
Bu ugur­da­ky sa­naw dü­zü­len­de 93 şä­he­rdäki 160 ha­ry­dyň hem-de dür­li gör­nüş­li hyz­mat­la­ryň ba­ha­la­ry göz öňün­de tu­tul­dy. Hy­ta­ýyň şä­her­le­rin­de ha­ryt­la­ryň hem-de hyz­mat­la­ryň ba­ha­la­ry dur­nuk­ly ýag­daý­da sak­lanýar, Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa ýurt­la­ryn­da bol­sa, soň­ky ýyl­lar­da ba­ha­lar yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ýar. Sa­naw­da ýa­şa­mak üçin iň ar­zan şä­her­le­riň ara­syn­da öň­dä­ki orun­la­ry Ban­ga­lor, Çen­naý, Tä­ze De­li (Hin­dis­tan) we Ka­ra­çi (Pa­kis­tan) şä­her­le­ri eýe­le­di.
Sel­jer­me­de kä­bir anyk gör­ke­zi­ji­le­re hem sal­gy­la­nyl­dy. Nýu-Ýork şä­he­rin­de çö­re­giň 1 ki­log­ra­my­nyň or­ta­ça ba­ha­sy 8,33 dol­lar bol­sa, Se­ul­da bu nyrh 15,59 dol­la­ra deň­dir. Nýu-Ýork şä­he­rin­de sa­çy be­jer­me­giň ba­ha­sy iň ýo­ka­ry de­re­je­de­dir. Aýal­la­ryň saç be­jert­mek işi­niň or­ta­ça ba­ha­sy 210 dol­la­ra deň­dir.
Dün­ýä­niň dür­li se­bit­le­rin­de ýa­şa­ma­gyň ba­ha­sy dür­li sarp ediş se­riş­de­le­ri bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Ýew­ro­pa şä­her­le­rin­de iň gym­mat zatlaryň biri goz­gal­ma­ýan em­läk­ler­dir.

Rahmet AGÖÝLIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.