Hepdede 2 gezek (azyndan 300 gram) kömelek iýlen halatynda, onda beýniniň zaýalanmagynyň öňüni alyp bolar. Bu barada Beýik Britaniýanyň “The Daily Mail” gazeti habar berýär. Şeýle-de az mukdarda kömelek iýmegiň hem peýdasynyň bardygy mälim edilýär.
Kömelegiň düzümindäki ergotionein birleşmesi beýnidäki käbir bozulmalaryň öňüni almaga kömek berýär. Bu barada Singapuryň milli uniwersitetiniň alymlary ylmy-barlag işlerini geçirdiler. Mundan başga-da, bu birleşme sowuklama garşy göreşmekde-de özboluşly aýratynlyga eýedir. Kömelegiň peýdasy babatda geçirilen ylmy-barlag işleri 6 ýyl dowam etdi. Oňa 600-den gowrak gartaşan hytaýly gatnaşdy. Olaryň beýnisi lukmançylyk barlaglaryndan geçirildi. Gaýtadan işlenen kömelek bilen hepdede 2 gezek iýmitlenen meýletinçileriň beýnisinde bozulmalaryň ýüze çykmandygy anyklandy. Alymlar kömelegiň dürli görnüşlerini hem-de konserwirlenen kömeklekleri iýmegi maslahat berýär. Kömelegiň düzüminde ergotioneinden başga-da, gerisenon, erinasin, skabronin we diktioforin ýaly nerw dokumalarynyň ösüşine peýdaly birleşmeler hem bardyr.