Suw ýet­mez­çi­li­gi is­len­dik ber­hi­ziň ne­ti­je­siz ta­mam­lan­ma­gy­na se­bäp bo­lup bi­ler. ABŞ-nyň Ka­li­for­ni­ýa şta­ty­nyň alym­la­ry şeý­le ne­ti­jä gel­di­ler.
Alym­la­ryň bel­le­me­gi­ne gö­rä, kä­bir azyk önüm­le­ri iý­mek­den ýüz öw­rüp, ber­hiz sak­la­mak is­le­ýän adam­la­ryň ýe­ter­lik muk­dar­da suw iç­medik ýag­da­ýyn­da, oňyn ne­ti­je ga­zan­ma­gy müm­kin däl. Suw ýet­mez­çi­li­gi is­len­dik ber­hi­ziň ne­ti­je­­siz bol­ma­gy­na ge­ti­rip bi­ler.
Suw ber­hiz sak­la­ýan ýa-da sak­la­ma­ýan is­len­dik or­ga­nizm üçin ge­rek­li­dir. Ol äh­li bio­hi­mi­ki iş­le­riň esa­sy bö­le­gi­dir. Bi­ler­men­le­riň aýt­ma­gy­na gö­rä, her gün bir ki­log­ram üçin iň az içil­me­li su­wuň muk­da­ry 30 mil­li­litr­dir. Mu­nuň üçin dü­zü­min­de şe­ker bol­ma­dyk is­len­dik su­wuk­ly­gy hem iç­mek bo­lar. Ber­hiz ba­ra­da aý­dy­lan­da, is­len­dik iý­mit­den ga­ça dur­mak­ly­gyň öz kes­git­le­nen mak­sa­dy bar­dyr. Mu­nuň üçin su­wuň möç­be­rini azal­dyp ýa-da or­ta­ça sak­lap bo­lar. Di­ňe luk­man­la­ryň mas­la­ha­tyndan soň, içilýän su­wuň muk­da­ry­ny azaldylyp bilner.