Bel­gi­ýa­da ge­çi­ri­len söw­da sa­tu­wyn­da “Ar­man­do” at­ly fla­mand kep­de­ri­si sa­tyl­dy. Knes­se­lar­edä­ki söw­da sa­tu­wyn­da bu gu­şy 1,25 mil­li­on ýew­ro sa­tyn al­dy­lar. Bu ugur­da re­kord gör­ke­zi­ji­ ga­za­nyl­dy. 5 ýa­şyn­da­ky “Ar­man­do” köp san­ly baý­rak­la­ryň eýe­si­dir. Ol kep­de­ri­le­riň ara­syn­da ge­çi­ri­len ýa­ryş­da bi­rin­ji­li­gi eýe­le­di. Bu gu­şy Hy­ta­ýyň ýa­şaý­jy­sy sa­tyn al­dy. Mun­dan beý­läk “Ar­man­do”-nyň esa­sy we­zi­pe­si nes­li­ni do­wam et­dir­mek­den yba­rat bo­lar. Ony ýa­ryş­la­ra gat­naş­dyr­mak göz öňün­de tu­tul­ma­ýar.
Kep­de­ri­le­riň ýa­ry­şyn­da bel­le­nen ara­ly­ga bi­rin­ji ge­len guş ýe­ňi­ji ha­sap­lan­ýar. Şeý­le ýa­ryş­lar Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da has meş­hur bolup, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da, Bel­gi­ýa­da, Gol­lan­di­ýa­da hem-de Ger­ma­ni­ýa­da yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär. Soň­ky dö­wür­de bu ugur­da­ky bäs­le­şik­ler Hy­taý­da-da uly meş­hurlyga eýe bolýar.