Dünýäniň iň köp awtoulag satýan kompaniýalarynyň biri bolan “Volkswagen” öňümizdäki 10 ýylyň dowamynda jemi 22 million elektrokar öndürmegi maksat edinýändigini mälim etdi. Mundan ozal bu görkezijiniň 15 million töweregi boljakdygy aýdylypdy. Nemes brendi 2028-nji ýyla çenli 50-niň ýerine 70 sany täze elektroulag modelini hem satuwa çykarjakdygyny beýan etdi. Kompaniýanyň ýolbaşçylary elektrik energiýasy bilen işleýän hereketlendirijileri we olaryň batareýalaryny işläp taýýarlamak üçin iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirjekdiklerini aýdýarlar. Geçen ýylky peýdasyny ozalky ýyldakydan 0,7 göterim artdyryp, 13,9 milliard dollara ýetirendigini mälim eden kompaniýa täze tehnologiýalar üçin maýa goýumlaryny 3,8 göterim ýokarlandyrandygyny aýan etdi. Esasan hem, elektroulag tehnologiýasy üçin bölünip berilýän serişdeler awtoulag ägirdiniň bu ugurdaky nazarlaýan üstünligi üçin zerur bolup durýar. Garamagynda “Audi”, “Porsche”, “Skoda” we “Seat” brendlerini hem jemleýän “Volkswagen” topary geçen ýyl jemi 10,8 million awtoulag satyp rekord goýdy. Emma olaryň bary-ýogy 40 müňüsi elektrokar, 60 müňüsi bolsa, gibrid ulaglar. Elektrik energiýaly tehnologiýany kämilleşdirmekde we öndürmekde awtoulag kompaniýalary öz aralarynda we tehnologiýa şereketleri bilen hyzmatdaşlyk etmegi makul bilýärler. “Volkswagen” hem “Ford” bilen bu ugurda hyzmatdaşlyk etjekdigini mälim edipdi.