Möwsümiň ilkinji “Masters” ýaryşy bolan “Indian-Wells” (Kaliforniýa, ABŞ) bäsleşiginde garaşylmadyk tennisçiler ýeňiji boldy. Erkekleriň arasynda awstriýaly Dominik Tiem ýakynda özüniň 100-nji ýeňşini baýram eden şweýsariýaly Rojer Federeri 3 setde ýeňip, ilkinji “Masters” kubogyny gazandy. 1-nji setde Federer 6:3 hasap bilen öňe saýlansa-da, 2-nji setde Dominik Tiem hasaby deňledi. Duşuşygyň final setinde Dominik Tiem taý-brekden soň, güýçli garşydaşyny 7:5 ýeňip, çempion bolmagy başardy. Federer şu wagta çenli Tiem bilen geçiren 3 duşuşygynda-da asgyn geldi.
Umumy pul gaznasy 9 million 35 müň 428 dollara deň bolan ýaryşda zenanlaryň arasynda kanadaly ýaş tennisçi Býanka Andreesku özüniň ilkinji çempionlygyny gazandy. 18 ýaşly tennisçi finalda germaniýaly Anjelika Kerberden 6:4, 3:6, 6:4 hasaplar bilen üstün çykdy. Andreesku ýörite çakylyk bilen gatnaşyp, “Indian Wellsde” ýeňiş gazanan ilkinji tennisçi boldy. Ol bu ýeňişden soň, 178-nji orundan 24-nji basgançaga beýgeldi.
Jübütleriň arasyndaky ýaryşlarda erkeklerde horwatiýaly Nikola Mektik bilen argentinaly Horasio Zeballos, zenanlardan hem belgiýaly Elisa Mertens bilen belarusly Arina Sabalenko 1-nji orny eýeledi.