Şu ýylyň 17-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Daşoguz welaýatyna iş saparynyň çäklerinde S.A.Nyýazow adyndaky etrapda gurlan Bagtyýar zaman täze obasynyň açylmagy mynasybetli dabaralara gatnaşdy.
Döwlet Baştutanymyzyň 2012-nji ýylyň aprelinde gol çeken degişli Kararyna laýyklykda, bu ýerde durmuş, dolandyryş we beýleki desgalaryň uly toplumy bina edildi. Gurluşyk işleri Daşoguz welaýatynyň häkimliginiň buýurmasy boýunça “Daşoguzobagurluşyk” önümçilik birleşiginiň guramalary hem-de ýerli hususy kärhanalar tarapyndan ýerine ýetirildi. Daşoguz şäheriniň golaýynda 144 gektar meýdany eýeleýän täze obada şäheriňkiden kem bolmadyk zerur hemme düzümler döredildi. Bu hem geň däldir, çünki ýaşamak üçin amatlylyk derejesi boýunça şäher şertlerine has ýakynlaşdyrylmagy täze türkmen obalaryna bildirilýän esasy talaplaryň biridir.
Ozal bellenip geçilişi ýaly, ösen degişli düzümleri bolan häzirki zaman obalarynyň gurulmagy döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda obalarda hem-de ýurdumyzyň obasenagat toplumynda amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeler strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bagtyýar zaman obasy hem munuň aýdyň nusgasydyr. Bu ýerde dürli ähmiýetli köpsanly desgalar, 500 maşgala niýetlenen amatlylygyň hemme şertleri bilen üpjün edilen 274 sany 1 gatly 4 otagly hem-de kottej görnüşli 226 sany 2 gatly 6 otagly ýaşaýyş jaýlary gurlupdyr. Mundan başga-da, bu ýerde ýerli dolandyryş üçin edara binasy, mekdep, çagalar bagy, saglyk, medeniýet we hyzmatlar öýleri, telefon bekedi, “Toý mekany”, söwda merkezi, birnäçe dükanlar, metjit guruldy.
Hormatly Prezidentimiz Bagtyýar zaman obasyndaky ýaşaýyş jaýlaryna baryp gördi. Olaryň birinde özbek maşgalasy jaý toýuny tutdy. Bu ýerde milli Liderimizi täze jaýyň bagtyýar eýeleri güler ýüz bilen garşyladylar. Olar üçin hem bu gün ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Bu ýerde öýe täze gelniň gelmegi bilen baglanyşykly däp-dessurlar görkezildi.
Milli Liderimiz oba ýaşaýjylaryny jaý toýlary bilen gutlap, olaryň nähili ýerleşendigi, öýüň otaglarynyň ýerleşişi we enjamlaşdyrylyşy bilen gyzyklandy. Ýaşaýjylar oba adamlaryna häzirki döwrüň ähli abadançylyklarynyň elýeterli bolmagy ugrunda yzygiderli edýän aladasy üçin hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny beýan etdiler.
Döwlet Baştutanymyz döwletimiziň geljekde hem obanyň ýaşaýyş-durmuş hem-de ykdysady düzümini döwrebaplaşdyrmaga we ösdürmäge aýratyn üns berjekdigini nygtap, öý eýeleri bilen hoşlaşdy, olara bagtly maşgala durmuşyny arzuw etdi. Şanly waka mynasybetli hormatly Prezidentimiz täze öýüň eýelerine gymmat bahaly sowgatlary gowşurdy.
Täze obanyň açylyş dabarasyna gatnaşmagy daşary ýurtly myhmanlarymyzda – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň wekillerinde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Olar bu ýerde oba adamlary üçin döredilen oňaýly ýaşaýyş-durmuş şertlerine mynasyp baha berdiler. Mälim bolşy ýaly, Daşoguz şäheri 2016-njy ýylda GDA-nyň medeni paýtagty diýlip yglan edildi.