Şu gün, 2019-njy ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligine diplomatik notasyny ugratdy, onda Türkmenistanyň Hökümeti Eýran Yslam Respublikasynyň güýçli çagba ýagyş netijesinde bolup geçen suw joşgunlaryndan ejir çeken welaýatlarynyň ilatyna özüniň duýgudaşlygyny beýan etdi.

Şunuň bilen baglylykda, iki goňşy döwletleriň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklara esaslanmak bilen türkmen tarapy Eýranyň halkyna özüniň doganlyk goldawyny beýan etdi.