2019-njy ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-italýan syýasy geňeşmeleri geçirildi. Italýan Respublikasynyň wekiliýetine Aşgabada iş sapary bilen gelen bu ýurduň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary Manlio Di Stefano ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-italýan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen bir hatarda özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara meseleleri, BMG-niň hem-de ÝB-niň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek boýunça pikirler alşyldy.
ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Strategiýasyny diwersifisirlemegiň mümkinçilikleri bellenilip geçildi. Bu ugurda Ýewropa Bileleşiginiň ähmiýetli ýurtlarynyň biri bolmak bilen, Italiýa geljekde hem bu resminamanyň durmuşa ornaşdyrylmagynda möhüm orny eýeleýändir.
Gepleşikleriň barşynda taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň diwersifikasyýalaşdyrmagyna aýratyn ähmiýet berilmegi bilen bu ulgamyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugry bolup galmalydygy baradaky özara pikire geldiler. Şunuň bilen birlikde wekiliýetler bilim, ylym we medeniýet ulgamlaryny mundan beýläk hem ösdürmegiň zerurlygyny aýratyn nygtadylar.
Gepleşikleriň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Italiýa Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministrliginiň arasynda 2019-2020-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna gol çekdiler. Soňra Italiýanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdi.