28-nji martda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda iş sapary bilen bolýan “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow bilen duşuşdy. Bu kompaniýanyň merkezi edara binasy Ženewada (Şweýsariýa Konfederasiýasy) ýerleşýär.

Ir­den işe­wür An­da­lyp kö­çe­si bi­len Kö­pet­dag şa­ýo­lu­nyň ke­siş­ýän ýe­rin­de otur­dy­lan, ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len Ýa­nar­da­gyň hor­ma­ty­na gur­lan bi­na­nyň ýa­ny­na gel­di. Bir­nä­çe wagt­dan soň bu ýe­re hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz gel­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz we myh­man bi­rek-bi­rek bi­len mä­hir­li sa­lam­la­şyp, iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň hä­zir­ki ýag­da­ýy we gel­jek­ki ugur­la­ry bo­ýun­ça pi­kir alyş­dy­lar. “ARE­TI” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Türk­me­nis­tan bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň çäk­le­rin­de ýol­baş­çy­lyk ed­ýän kom­pa­ni­ýa­sy­nyň alyp bar­ýan iş­le­ri ba­ra­da gys­ga­ça ha­bar ber­di. Ýo­ka­ry ne­ti­je­li spor­ty, şol san­da we­lo­si­ped spor­tu­ny ös­dür­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler gy­zyk­lan­ma bi­len ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, işe­wür mil­li Li­de­ri­mi­ziň spor­tuň eko­lo­gi­ýa gör­nüş­le­ri­niň bi­ri ha­sap­la­nyl­ýan we­lo­si­ped spor­tu­nyň wa­gyz edil­me­gi­ne uly üns ber­me­gi­niň dün­ýä gi­ňiş­li­gin­de sport döw­le­ti hök­mün­de Türk­me­nis­ta­nyň ab­ra­ýy­ny art­dyr­ma­ga ýar­dam ed­ýän­di­gi­ni bel­le­di.
Soň­ra mil­li Li­de­ri­miz we myh­man we­lo­si­ped­de Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk top­lu­my­na ta­rap ug­ra­dy­lar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz we “ARE­TI” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy we­lo­si­ped­li ýol ug­run­da tö­we­re­giň gö­zel­lik­le­ri­ni syn­la­dy­lar, ýaz pas­ly dag etek­le­ri­niň aja­ýyp öz­bo­luş­ly­ly­gy­ny, al­tyn öwüş­gin­li şe­kil­le­ri dö­ret­di. Söh­bet­deş­li­giň bar­şyn­da öza­ra tej­ri­be alyş­ma­gyň, gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän ta­rap­lar bi­len gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ma­gyň we­lo­si­ped spor­tu­ny top­lum­la­ýyn ös­dür­mek üçin uly müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­mä­ge ýar­dam ed­ýän­di­gi bel­le­nil­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz we myh­man Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk top­lu­my­na ge­lip, bu ýer­de yna­nyş­mak we öza­ra bäh­bit­li­lik ýö­rel­ge­le­rin­de gu­ral­ýan iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. “ARE­TI” hal­ka­ra kom­pa­ni­ýa­lar to­pa­ry­nyň ýol­baş­çy­sy Türk­me­nis­tan­da ýo­ka­ry ne­ti­je­li spor­ty, şol san­da we­lo­si­ped spor­tu­ny ös­dür­mek­de, şeý­le hem bu ugur­da­ky hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny ber­kit­mek­de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bi­ti­ren ägirt uly iş­le­ri­niň yk­rar edil­me­gi­niň ny­şa­ny hök­mün­de mil­li Li­de­ri­miz­den sport we­lo­si­pe­di­niň iň tä­ze gör­nü­şi­ni sow­gat hök­mün­de ka­bul et­me­gi­ni ha­ýyş et­di.
Mil­li Li­de­ri­miz sow­gat üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, Hal­ka­ra hol­din­gi­niň ýol­baş­çy­sy­na sport ul­ga­myn­da­ky gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge ön­jeý­li go­şant goş­ýan­dy­gy­ny ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di. Sport ul­ga­myn­da, şol san­da we­lo­si­ped spor­ty ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk me­se­le­si pi­kir alyş­ma­la­ryň esa­sy­ny düz­di. Spor­tuň bu gör­nü­şi ýur­du­myz­da ýyl­sa­ýyn uly meş­hur­ly­ga eýe bol­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, “ARE­TI” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy­nyň tür­gen­le­şik işi­ni kä­mil­leş­dir­mek, we­lo­si­ped spor­tu­nyň tür­gen­le­ri­ni we tä­lim­çi­le­ri­ni taý­ýar­la­mak hem-de ola­ryň us­sat­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak ha­kyn­da tek­lip­le­ri­ne ga­ral­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Türk­me­nis­tan­da, hu­su­san-da, paý­tag­ty­my­zyň Olim­pi­ýa şä­her­çe­sin­de iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­ny ge­çir­mek üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler bar.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz işe­wü­riň aý­dan tek­lip­le­ri­ni umu­man ma­kul­lap, bu ugur­da iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di. Şun­da di­ňe be­den taý­dan kä­mil ýaş tür­gen­le­ri ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, olar­da wa­tan­çy­lyk hem-de öz ýur­du­na buý­sanç duý­gu­sy­ny ös­dür­mek mö­hüm we­zi­pe­le­riň bi­ri­dir di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz “ARE­TI” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy­na bu ba­bat­da bir­nä­çe tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Söh­bet­deş­li­giň do­wa­myn­da Ha­zar deň­zi­niň türk­men bö­le­gin­de hal­ka­ra bi­ler­men­le­ri­niň ýo­ka­ry ba­ha ber­ýän ägirt uly ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­ni na­za­ra al­mak bi­len, ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­myn­da hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek me­se­le­le­ri aý­ra­tyn ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, “ARE­TI” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň Ha­zar deň­zin­de Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­de ýer­le­şen Uzy­na­da ýa­ta­gy­ny öz­leş­dir­mek bo­ýun­ça tas­la­ma­la­ra gat­naş­mak müm­kin­çi­li­gi ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Söh­bet­deş­li­giň bar­şyn­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, “Türk­men­ne­bit” döw­let kon­ser­ni­niň hem-de “ARE­TI” hal­ka­ra kom­pa­ni­ýa­lar to­pa­ry­nyň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma bu ugur­da bi­le­lik­de üs­tün­lik­li iş­le­mek üçin yg­ty­bar­ly bin­ýat bo­lup hyz­mat eder.
Şeý­le hem Ha­zar deň­zi­niň türk­men ýal­pak­ly­gyn­da­ky “21-nji top­lum­da” me­ýil­leş­di­ril­ýän iş­ler ba­ra­da ha­bar be­ril­di. Bu tas­la­ma bo­lan gy­zyk­lan­ma onuň ägirt uly se­riş­de­ler kuw­wa­ty hem-de Türk­me­nis­tan­da da­şa­ry ýurt işe­wür­le­ri üçin dö­re­di­len amat­ly ma­ýa go­ýum ýag­da­ýy bi­len şert­len­di­ri­len­dir di­ýip, myh­man bel­le­di.
Mil­li Li­de­ri­miz hol­din­giň öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek me­se­le­le­ri­ne işe­wür çe­me­leş­me­si­ni gol­dap, aý­dy­lan äh­li tek­lip­le­riň ýa­kyn wagt­da düýp­li öw­re­nil­jek­di­gi­ni bel­le­di.
Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ada­ty en­di­gi­ne eýe­rip, top­lum­da ide­dil­ýän be­dew­ler bi­len di­dar­laş­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Şa­po­lat at­ly be­de­wiň ýa­ny­na ba­ryp, ba­har gü­ne­şi­niň as­tyn­da yn­san gy­lyk­ly be­dew bi­len bir­sel­lem ge­ze­lenç et­di.
Soň­ra mil­li Li­de­ri­miz “ARE­TI” hal­ka­ra kom­pa­ni­ýa­lar to­pa­ry­nyň ýol­baş­çy­sy I. Ma­ka­row bi­len bi­le­lik­de Olim­pi­ýa şä­her­çesi­niň we­lot­rek top­lu­my­na bar­dy. Bu ýer­de döw­let Baş­tu­ta­ny­myz we I. Ma­ka­row Türk­me­nis­tan­da we­lo­si­ped spor­tu­ny ös­dür­me­giň gel­je­gi ha­kyn­da pi­kir alyş­dy­lar. Soň­ra myh­man se­bit­de iri Olim­pi­ýa şä­herçesiniň dü­zü­mi­ne gir­ýän ýa­pyk we­lot­rek za­lyn­da sport we­lo­si­pe­din­de öw­rüm et­di. Hä­zir bu ýer­de türk­men tür­gen­le­ri tä­lim al­ýar­lar we hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­na taý­ýar­lyk gör­ýär­ler.
Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hol­din­giň ýol­baş­çy­sy­nyň sow­gat be­ren kä­mil sport we­lo­si­pe­din­de şä­herçäniň we­lot­rek top­lu­myn­da aý­law et­di. Söh­bet­deş­li­giň bar­şyn­da mil­li Li­de­ri­miz we işe­wür sport ul­ga­myn­da, hu­su­san-da, we­lo­si­ped spor­ty ba­bat­da ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ber­kit­me­giň uly äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di­ler, mu­nuň özi Türk­me­nis­tan­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ber­ka­rar et­mä­ge ýar­dam ed­ýär.

Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit­gaz top­lu­my­nyň eda­ra bi­na­syn­da ýur­du­my­zyň “Türk­men­ne­bit” döw­let kon­ser­ni­niň ýol­baş­çy­la­ry­nyň hem-de hü­när­men­le­ri­niň, şeý­le hem “ARE­TI” hal­ka­ra kom­pa­ni­ýa­lar to­pa­ry­nyň ara­syn­da du­şu­şyk ge­çi­ril­di. On­da ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­myn­da iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry ös­dür­me­giň gel­jek­ki ugur­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Şeý­le hem bu ýer­de “Türk­men­ne­bit” döw­let kon­ser­ni bi­len “ARE­TI” hal­ka­ra kom­pa­ni­ýa­lar to­pa­ry­nyň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da­ky Äht­na­ma gol çe­kil­di.