Şoňa laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýada saparda boldy. Saparyň çäklerinde Ýaponiýanyň Parlamentiniň wekiller palatasynyň başlygy Tadomori Oşima bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça möhüm meseleleriň birnäçesine garaldy. Oba hojalygynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň uly geljegi bilen baglanyşykly mesele barada durlup geçildi. Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny 2020-nji ýylda Tokio şäherinde geçiriljek XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlamak babatda sport ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga aýratyn üns berildi. Ýaponiýanyň alymlarynyň öňdebaryjy ylmy gazananlary bilen tanyşmak maksadynda türkmen wekiliýeti Odaýba adasynda ýerleşýän “Miraýkan – geljegiň dünýäsi” muzeýine baryp gördi. Şeýle hem wekiliýetiň agzalary “Ariake Water Reclamation” suw arassalaýyş merkezine bardylar. Bu merkez suwy arassalamagyň özbaşyna aýratyn ulgamy bolup durýar.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň barşynda abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde özara hereket etmek arkaly ýurtlaryň ikisiniň hem BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde halkara başlangyçlarynyň özara goldanylmagynyň derwaýyslygy bellenip geçildi. Türkmenistanyň wekiliýeti Toçigi prefekturasynda ýerleşen “Nissan Motor Toсhigi plant” zawodyna bardy, bu ýerde senagat toplumynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi. Şeýle hem wekiliýetiň agzalaryna ýokary hilli awtoulaglary, şol sanda awtoulaglaryň sport görnüşleriniň önümçiliginiň dürli ugurlary bilen tanyşmaga giň mümkinçilik döredildi.
Türkmen wekiliýeti galyndylary gaýtadan işleýän “Tokyo Super Eco Town” zawodyna bardy, bu ýerde senagat hem-de hojalyk galyndylaryny gaýtadan işlemegiň we olary gaýtadan peýdaly ulanmagyň aýratynlyklary öwrenildi.
Ýurdumyzyň wekiliýeti Ýaponiýa saparynyň çäklerinde Tendo şäheriniň häkimi Ýamamoto Şindji bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ençeme möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ýamagata prefekturasynyň Tendo şäherindäki Wagýu sygyr etiniň önümçiligi boýunça “Ysyokuniku” zawodyna baryp gören türkmen wekiliýeti bu şäherdäki üljäniň ösdürilip ýetişdirilmegi bilen meşgullanýan ýyladyşhananyň işi bilen tanyşdy. Şeýle hem wekiliýetiň agzalary Ýamagata prefekturasynda ýerleşýän “Nagominousan” fermasyna baryp gördüler, olar bu ýokary tehnologik agrar toplumyň işi we gurluşy bilen jikme-jik tanyş boldular.
Ýurdumyzyň wekiliýeti Tokio şäheriniň Gubernatory hanym Ýuriko Koike bilen duşuşyk geçirdi, onuň barşynda taraplar özara bähbitli türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ösüşine kanagatlanma bildirdiler. Türkmenistanyň wekiliýeti Odaýbada ýerleşen “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň robot-tehnika merkezine bardy, bu ýerde “Kawasaki” kompaniýasynyň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň görkezilişi boldy. Bu senagat toplumynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we iri ýapon korporasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň önjeýli häsiýetini belläp geçdiler. Taraplar häzirki wagtda Ahal welaýatynda gurulýan tebigy gazdan benziniň önümçiligi boýunça zawodyň Türkmenistanyň häzirki zaman ösen gazhimiýa toplumlarynyň biri boljakdygyny nygtadylar. Ýapon tarapy Türkmenistanyň bazarynyň dürli ulgamlarynda özüniň gatnaşygyny geljekde hem giňeltmäge ynam bildirdi.