Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň “Türk­me­nis­tan – ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny” ýy­ly­nyň 31-nji mar­tyn­da ge­çi­ril­jek mö­hüm sy­ýa­sy wa­ka hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­da dur­ma­gyn­da ýur­du­myz­da mil­li de­mok­ra­ti­ýa­nyň da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Şol gün türk­men hal­ky jem bo­lup, ýur­du­myz­da möh­le­tin­den öň çy­kyp gi­den Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň de­pu­tat­la­ry­nyň, we­la­ýat, et­rap, şä­her halk mas­la­hat­la­ry­nyň we ge­ňeş­le­riň ag­za­la­ry­nyň ýe­ri­ne ge­çi­ril­jek saý­law­la­ra gat­na­şar.
Bu sy­ýa­sy-jem­gy­ýet­çi­lik wa­ka­syn­da mil­li syn­çy­lar hem öz we­zi­pe­le­ri­ni ama­la aşy­rar. Olar saý­law gü­ni saý­law uças­tok­la­ryn­da bo­lup, saý­law­la­ryň ge­çiş ter­ti­bi­ni syn­lar­lar. Mu­nuň özi saý­law­la­ryň mun­dan beý­läk hem açyk­lyk, aý­dyň­lyk, de­mok­ra­tik esas­lar­da, giň bäs­deş­lik esa­syn­da ge­çi­ril­me­gi­ne oňyn tä­si­ri­ni ýe­ti­rer.
Saý­law­lar­a ses ber­me­k üçin je­mi 222 sa­ny saý­law uças­to­gy dö­re­dil­di. Ahal we­la­ýa­tyn­da 50, Bal­kan we­la­ýa­tyn­da 10, Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da 49, Le­bap we­la­ýa­tyn­da 41, Ma­ry we­la­ýa­tyn­da 58, Aş­ga­bat şä­he­rin­de 14 saý­law uças­to­gyn­da ses ber­ler.
Türk­me­nis­tan­da Saý­law­la­ry we sa­la sal­şyk­la­ry ge­çir­mek ba­ra­da­ky mer­ke­zi to­pa­ryň res­mi in­ter­net sa­hy­pa­syn­da ýer­leş­di­ri­len ha­bar­la­ra gö­rä, da­laş­gär­le­ri hö­dür­le­mä­ge Türk­me­nis­ta­nyň De­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy­nyň, Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler par­ti­ýa­sy­nyň, Türk­me­nis­ta­nyň Ag­rar par­ti­ýa­sy­nyň, şeý­le-de ra­ýat­la­ryň to­par­la­ry­nyň iş­jeň gat­naş­mak­la­ry, ýag­ny sy­ýa­sy par­ti­ýa­lar ta­ra­pyn­dan da­laş­gär­le­riň je­mi 180-si­niň, ra­ýat­la­ryň to­par­la­ry ta­ra­pyn­dan 101-si­niň hö­dür­le­nil­me­gi we bel­li­ge alyn­ma­gy bol­sa, bi­ziň ýur­du­myz­da köp ­par­ti­ýa­ly­lyk şert­le­rin­de ge­çi­ril­ýän saý­law­lar­da jem­gy­ýe­tiň äh­li gat­lak­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň bäh­bit­le­ri­niň göz öňün­de tu­tul­ýan­dy­gyn­dan ha­bar ber­ýär. Saý­law­lar bo­ýun­ça bel­li­ge al­nan da­laş­gär­ler saý­la­wyň öň ýa­nyn­da de­giş­li wa­gyz iş­le­ri­ni ge­çir­di­ler, saý­law­çy­la­ra öz mak­sat­na­ma­la­ry­ny ta­nyş­dyr­dy­lar. Şeý­le hem saý­law­çy­la­ryň mak­sat­na­ma­la­ry bo­ýun­ça be­ren so­wal­la­ry­na jo­gap ber­di­ler.
Öňü­miz­dä­ki saý­law­lar saz­la­şyk­ly hem-de dur­nuk­ly ös­ýän ýurt­la­ryň bi­ri bo­lan Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň sy­ýa­sy dur­mu­şyn­da äh­lu­mu­my, şeý­le-de mil­li de­mok­ra­tik ýö­rel­ge­le­riň has-da je­bis­leş­ýän­di­gi­niň ýe­ne-de bir öz­bo­luş­ly nus­ga­sy bo­lar.

Döwlet ÝOLOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.