Dünýäniň dürli ýerlerinde müşderileri özüne çekmek maksady bilen, dürli görnüşli binagärlik desgalary gurulýar. Ýurduň ýa-da şäheriň howa derwezeleri hasaplanýan aeroportlaryň binagärlik aýratynlyklaryna hem aýratyn üns berilýär. Uzak ýola syýahat edýän ýolagçylar kähalatlarda bu ýerlerde köp wagt geçirmeli bolýar. Şol sebäpli howa menzillerinde dynç almak we wagtyňy hoş geçirmek üçin ähli şertler döredilýär. Eýsem, wagtyňy gyzykly geçirmek üçin niýetlenen içinde labirint, golf meýdançasy, kebelekli bag ýaly aýratynlyklary bolan aeroportlar barada eşidipmidiňiz?! Dünýäniň iň täsin howa menzilleriniň käbiri barada maglumat bermegi makul bildik.
Gonkongyň halkara aeroportunda 9 çukurjykly golf meýdançasy bar. Şeýle hem, uly ekranlarda awtoulag ýaryş oýunlaryny we basketbol oýnap bolýar. Bu ýerde öý hojalyk we beýleki harytlaryň müňlerçe görnüşini satýan söwda merkezleri hem bar.
Günorta Koreýanyň iň uly howa derwezesi bolan Inçhon halkara aeroporty dünýäniň iň täsin desgalarynyň biridir. Paýtagt Seulyň merkezinden 70 kilometr uzaklykda ýerleşýän aeroportda ýylyň dowamynda hereket edýän buz meýdançasy, 18 çukurjykly golf meýdançasy, şeýle hem koreý senetçiligi hem-de aýdym-sazy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýän medeniýet merkezi bar. Golf meýdançasynda höwesjeň türgenlere degişli sapaklar hem berilýär. Aeroportuň çägindäki ýapyk binanyň içinde botanika bagy hem bar. Aeroport Inçhon şäherinde kenarýakadan uzak bolmadyk ýerde iki adanyň birleşdirilmegi bilen giňeldilen adada gurlupdyr.
Singapuryň ýeke-täk howa menzili bolan Çangi aeroporty her ýyl dürli ugurlarda baýraklara mynasyp bolýar. Arassalygy, ýolagçylara hödürlenýän hyzmatlar, söwda etmek üçin döredilen şertler, ýükleri almak üçin kämil ulgam we wagtyňy gyzykly geçirmek üçin döredilen mümkinçilikler howa menziliniň myhmanlarynda hoşallyk duýgularyny döredýär. Üsti aýna bilen örtülen gümmez görnüşli binanyň içindäki baglar, ösümliklerden döredilen labirint, çagalar üçin oýun meýdançalary, okalga zaly we beýleki hyzmatlar syýahatçylary geň galdyrýar. Hatda gülleriň arasynda uçup ýören kebelekleri hem görmek bolýar. Dünýäde ýapyk binanyň içindäki iň uly emeli şaglawuk hem bu aeroporta aýratyn öwüşgin berýär. Dünýäniň iň uly aeroportlary ýolagçylar üçin geçilip gidilýän ýer hökmünde däl-de, myhmanhanalar ýaly “ýyldyz” esasly brendler hökmünde özlerini mahabatlandyrýarlar.
Nemes awtoulaglary dünýäde ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar. Şol sebäpli Germaniýanyň Mýunhen şäherindäki halkara aeroportda “Audi” ulaglarynyň görkezilýän sergi zalynyň bardygyny eşitmeklik hiç kimi geň galdyrmasa gerek. Aeroportuň çäginde açyk asmanyň astynda oýun meýdançasy hem-de awiasiýanyň taryhy bilen ýakyndan tanyşmaga şert döredilipdir. Howa menzilinde ýapyk binanyň astynda sörfing etmäge hem-de dag welosipedini sürmäge hem mümkinçilik bar.
ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň San-Fransisko şäheriniň aeroportundaky uçar muzeýi, kitaphana, akwarium ýolagçylary biparh goýmaýar.
Niderlandlaryň paýtagty Amsterdamdaky Şipol aeroportunda kitaphana, gije-gündiziň dowamynda işleýän muzeý bar. Muzeýde sungatyň we bilimiň taryhy barada giňişleýin gürrüň berilýär.
Kanadanyň Wankuwer şäheriniň halkara aeroportundaky üýtgeşik akwariumda dürli balyklaryň, şol sanda seýrek duş gelýän deňiz jandarlarynyň 5 müň görnüşi saklanýar.