Tutuş ýurdumyzda oba hojalygyndaky möhüm möwsüm bolan gowaça ekişine badalga berildi. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzyň obasenagat toplumy täze ösüşleri nazarlaýar. Gün-günden pajarlap ösýän Diýarymyzyň ähli künjeginde gowaça ekişi guramaçylykly alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň tassyklap beren senesine laýyklykda, 23-nji martda ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda, 27-nji martda bolsa, Daşoguz welaýatynda gowaça ekişine girişildi. Asylly däbe görä, ekiş möwsümini hormatly ýaşulular başlap, oňa ak pata berdiler. Olar topraga ilkinji tohumlary taşlap, “ak altynyň” bol hasylynyň ýetişdirilmegi babatda dileg etdiler.
Şu ýyl Türkmenistanda gowaça ekmek üçin 550 müň gektar ýer taýýarlanyldy. Şunlukda, 1 million 50 müň tonna “ak altyn” ýygnamak bellenildi. Şol sanda Ahal welaýatynda 207 müň tonna, Balkan welaýatynda 5 müň tonna, Daşoguz welaýatynda 230 müň tonna, Lebap welaýatynda 295 müň tonna, Mary welaýatynda bolsa 313 müň tonna pagta hasyly ýygnalar. Mundan başga-da, 25 müň 567 gektar meýdana oba hojalyk ähmiýetli ýörite ýer gaznasyndan ýer böleklerini alan oba hojalyk önümlerini öndüriji hususyýetçiler gowaça eker. Şu möwsümde dürli görnüşli traktorlaryň 7 müň 500-e golaýy, ekiji agregatlaryň 2 müňe golaýy, kultiwatorlaryň, boronalaryň we ekişi bökdençsiz üpjün etmek üçin zerur bolan oba hojalyk gurallarynyň 4 müň 500-den gowragy peýdalanylýar.
“Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” şygary astynda geçýän 2019-njy ýylda oba zähmetkeşleriniň ýerden bol hasyl aljakdyklaryna berk ynanýarys. Munuň üçin hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli mümkinçilikler döredildi. Her ýyl oba hojalyk tehnikalarynyň täzeleri satyn alynýar. Daýhanlar häzirki zaman tehnologiýaly kärhanalarda öndürilýän dökün hem-de tohum bilen üpjün edilýär.
Esenmyrat ŞAGULYÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.