Ýaz pas­ly­nyň gel­me­gi bi­len, bu dün­ýä­niň çar ýa­nyn­da gözellik eme­le gel­ýär. Ba­har pas­ly­nyň ne­pis­li­gi türk­men te­bi­ga­tyn­da gaý­ta­lan­ma­jak sun­gat ese­ri­ne ça­lym­daş gö­zel­li­gi dö­red­ýär. Bu pasylda bel­le­nil­ýän baý­ram­la­ryň, gu­ral­ýan köp­çü­lik­le­ýin çä­re­le­riň dün­ýä­sin­de be­lent da­ba­ra, öz­bo­luş­ly joş­gun du­ýul­ýar. Ýur­du­myz­da giň­den we da­ba­ra­ly bel­le­nilip geçilýän Hal­ka­ra Now­ruz baý­ra­my my­na­sy­bet­li gu­ra­lan baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri uly ru­hu­be­lent­li­ge bes­len­di. Mu­nuň özi hal­ky­my­zyň Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da bel­le­ýän şan­ly se­ne­le­ri­niň be­lent ru­hun­dan, da­ba­ra­syn­dan ha­bar ber­ýär.
Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li ul­gam­la­ryn­da bol­şy ýa­ly, oba­se­na­gat top­lu­myn­da hem ba­har pas­lyn­da hä­zir­ki döw­rüň talabyna la­ýyk gel­ýän ýö­rel­ge­ler do­wam etdirilýär. Her ýy­lyň ba­har pas­lyn­da ýur­du­my­zyň or­ta we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de bi­lim al­ýan ýaş­la­ryň dur­mu­şyn­da jo­gap­kär­li möw­süm­le­re taý­ýar­lyk iş­le­ri­ne giň ge­rim be­ril­ýär. Saý­lap alan hü­när­le­ri bo­ýun­ça bi­lim al­ýan ýaş­lar, aý­ra­tyn-da, oba ho­ja­lyk ul­ga­my ug­run­dan dür­li kä­riň eýe­si bol­ma­gy ar­zuw ed­ýän ýaş­lar hä­zir­ki dö­wür­de al­ýan bi­lim­le­ri­ni tej­ri­be bi­len ut­gaş­dy­ryp, de­giş­li ugur­la­ry has çuň­ňur öz­leş­dir­ýär­ler. Bu bol­sa, oba ho­ja­lyk pu­da­gy­na yl­myň ga­za­nan­la­ry­ny iş­jeň or­naş­dyr­mak­da aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li­dir.
Okuw möh­let­le­ri­niň ta­mam­la­nyp, oba ho­ja­lyk ul­ga­my bo­ýun­ça dür­li hü­när­le­ri ele al­ýan ýaş­la­ryň ýur­du­my­zyň oba ho­ja­lyk top­lu­my­nyň dü­züm­le­rin­de tej­ri­be sa­pak­la­ry­na baş­la­jak wagt­la­ry in­di daş­da däl. Mu­nuň özi ýaş­la­ryň dur­mu­şyn­da örän äh­mi­ýetli bo­lan möw­süm­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Olar ýy­lyň do­wa­myn­da de­giş­li ugur­lar bo­ýun­ça ele alan ama­ly sa­pak­la­ry­ny iş tej­ri­be­sin­de ber­ki­der­ler we bu ugur­da öz­leş­di­ri­len bi­lim­le­ri­ni has-da kä­mil­leş­di­rer­ler.
Şeý­le­lik­de, hal­ky­my­zy be­lent iş­le­re, tä­ze ýe­ňiş­le­re ruh­lan­dyr­ýan ba­har pas­ly öz hö­kü­mi­ni ýö­red­ýär. Onuň do­wa­myn­da gu­ral­ýan me­de­ni-köp­çü­lik­le­ýin çä­re­ler, be­lent da­ba­ra­la­ra bes­len­ýän şan­ly se­ne­ler ba­har pas­ly­nyň äh­mi­ýe­ti­ni has-da art­dyr­ýar.

Baý­ram Gel­di­ýew,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň ta­ly­by.