Tu­tuş dün­ýä bo­ýun­ça ze­nan mi­nistr­le­riň sa­ny ýyl­sa­ýyn ýo­kar­lan­ýar. Ortaça 5 mi­nistr­li­giň bi­ri­niň ýol­baş­çy­sy ze­nan maş­ga­la­dyr. Bu ugur­da­ky gör­ke­zi­ji 2017-nji ýy­la ga­ra­nyňda, 2,4 gö­te­rim ýo­kar­lan­dy. Şol san­da ze­nan de­pu­tat­la­ryň sa­ny hem art­ýar. Ola­ryň bu ugur­da­ky gör­ke­zi­ji­si 24,3 gö­te­ri­me deň­dir.
Par­la­men­ta­ra Bi­le­le­şi­gi “BMG-ze­nan­lar” eda­ra­sy­nyň iş­gär­le­ri bi­len bi­le­lik­de bu ugur­da be­ýa­nat taý­ýar­la­dy. Şol mag­lu­mat­la­ra la­ýyk­lyk­da, Lat­wi­ýa­da, Mol­do­wa­da we Es­to­ni­ýa­da ze­nan mi­nistr­le­riň sa­ny köp bo­lup, olar Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň üç­den bir bö­le­gi­ni eýe­le­ýär. Gru­zi­ýa­da bu gör­ke­zi­ji 27 gö­te­ri­me deň­dir. Uk­rai­na­da mi­nistr de­re­je­sin­dä­ki ze­nan­la­ryň sa­ny 20 gö­te­rim­dir. Bu gör­ke­zi­ji Be­ýik Bri­ta­ni­ýa hem-de ABŞ-a hem de­giş­li­dir. Efio­pi­ýa­da ze­nan ýol­baş­çy­la­ryň sa­ny 10 gö­te­rim­den 47 gö­te­ri­me çen­li ýo­kar­lan­dy. Pa­kis­tan­da 2012-nji ýyl­da ze­nan ýol­baş­çy ýok­dy. Hä­zir bu ýurt­da ola­ryň sa­ny 12 gö­te­ri­me deň bol­dy. Ýa­kyn Gün­do­gar­da Maw­ri­ta­ni­ýa hem-de Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri öň­de­li­gi eýe­läp, mi­nistr­le­riň üç­den bi­ri ze­nan­lar­dyr.
Be­liz, Bru­neý Pa­ty­şa­ly­gy, Yrak, Ki­ri­ba­ti, Pa­pua-Tä­ze Gwi­ne­ýa, Sent-Win­sent we Gre­na­da we Wa­nua­tu ýa­ly döw­let­ler­de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti di­ňe er­kek­ler­den yba­ratdyr. Ze­nan mi­nistr­le­riň 53 gö­te­ri­mi ma­li­ýe ul­ga­my­na, 13,6 gö­te­ri­mi bol­sa da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­sy­na ýol­baş­çy­lyk ed­ýär. Mun­dan baş­ga-da, ze­nan işe­wür­le­riň sa­ny hem kö­pel­ýär. ABŞ-nyň iri 500 kom­pa­ni­ýa­sy­nyň 24-si­niň ýol­baş­çy­sy ze­nan­lar­dyr.