Ýaşy: 978 ýyl, döredilen ýyly: 1040-njy ýyl.
Ýurdy: Italiýa.
Pudagy: metal işi.
Kompaniýa diňe jaň öndürýär. Häzire çenli ony Marinellileriň maşgalasy dolandyryp gelýär.
Ýaşy: 994 ýyl, döredilen ýyly: 1024-nji ýyl.
Ýurdy: Ýaponiýa.
Pudagy: dini harytlar.
Kompaniýa kiçijik buthana, mermerden ýasalan ýadygärlik harytlaryny öndürýär.
Ýaşy: 1018 ýyl, döredilen ýyly: 1000-nji ýyl.
Ýurdy: Fransiýa.
Pudagy: çakyr önümçiligi.
Kompaniýa XI asyrdan bäri, çakyr öndürýär. Kompaniýa esaslandyrylan döwründen bäri bir maşgala tarapyndan dolandyrylýar.
Ýaşy: 1048 ýyl, döredilen ýyly: 970-nji ýyl.
Ýurdy: Ýaponiýa.
Pudagy: gurluşyk.
Ýaponiýanyň ikinji gadymy gurluşyk kompaniýasydyr. Ýurduň bu ugurdaky köne kompaniýasy ýapylandan soňra “Nakamura Shaji” kompaniýasy öňdäki orna çykdy.
Ýaşy: 1132 ýyl, döredilen ýyly: 886-njy ýyl.
Ýurdy: Beýik Britaniýa.
Pudagy: zikge kakmak.
Patyşalygyň zikgehanasynyň baý taryhy bolup, ol Beýik Britaniýanyň taryhy bilen berk baglanyşyklydyr.
Ýaşy: 1133 ýyl, döredilen ýyly: 885-nji ýyl.
Ýurdy: Ýaponiýa.
Pudagy: dini harytlar.
“Tanaka-Iga” Kiotoda ýerleşip, ybadathanalar üçin zerur bolan harytlary öndürýän gadymy şereketleriň biridir.
Ýaşy: 1154 ýyl, döredilen ýyly: 864-nji ýyl.
Ýurdy: Fransiýa.
Pudagy: zikge kakmak.
Parižiň zikgehanasy döwletiň senagat hem-de söwda kärhanasy bolup, ýurduň milli puluny çap etmek üçin döredilýär. 864-nji ýylda esaslandyrylan bu kärhana gadymy kompaniýalaryň biridir.
Ýaşy: 1156 ýyl, döredilen ýyly: 862-nji ýyl.
Ýurdy: Germaniýa.
Pudagy: çakyr önümçiligi.
Ýurduň Kref şäherinde uzak ýyllaryň dowamynda iş alyp barýan kompaniýalaryň biridir.
Ýaşy: 1247 ýyl, döredilen ýyly: 771-nji ýyl.
Ýurdy: Ýaponiýa.
Pudagy: kagyz önümçiligi.
Kompaniýa kagyz torbalar, dürli kagyzdan ýasalan bezeg işleri, çakylyklary öndürýän gadymy şereketleriň biridir.
Ýaşy: 1 428 ýyl, döredilen ýyly: 578-nji ýyl.
Ýurdy: Ýaponiýa.
Pudagy: gurluşyk.
Bu kompaniýa dünýäniň iň gadymy senagat şereketleriniň biridir. Ýaponiýada 578-nji ýyldan tä 2006-njy ýyla çenli iş alyp bardy. 2006-njy ýylda onuň paýnamalary “Takamasu” korporasiýasy tarapyndan satyn alyndy.
Gylyçtagan NURMUHAMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.