Norwegiýanyň günortasyndaky Linnesnes etrabynda dünýäniň iň uly suwasty restorany açyldy. Ol “Under” diýlip atlandyryldy. Iňlis dilinden terjime edilende-de “aşagy, asty” diýen manylary berýär. Bu söz norweg dilinde “täsin” diýen manyny hem berýändigi bellenip geçilýär.
Restoran kiçiräk tunnel bilen kem-kemden suwuň aşagyna gidip barýan görnüşi alamatlandyrýar. Onuň gurluşy suwuň batly tolkunlaryna döz gelmäge mümkinçilik berýär. Myhmanlar üçin stollar suwuň aşagynda 5,5 metr çuňlukda ýerleşdirildi. Birbada 40 myhmanyň naharlanmagyna mümkinçiligi bolan restoranyň orunlary bir aý öňünden sargyt edilýär. Häzirki wagta çenli restoranyň eýelerine 7,5 müň adamdan sargyt geldi.
Norwegiýada suwasty restorany döretmek pikiri doganlar Stig we Gaut Ubostadlaryň aklyna geldi. Restoranyň tagamnamasy 18-20 nahardan ybarat. Naharlaryň ortaça bahasy 2 müň norweg kronyna (200 dollardan gowrak) deňdir.
Akmaýa AGAJANOWA,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.