Dietologlar işe ukyplylygy ýokarlandyrýan, keýpiköklüge goldaw berýän, nerwiň kadaly işiniň bozulmagynyň öňüni almaga kömek berýän azyk önümlerini iýmegi maslahat berýär. Bu babatda düzüminde “D” witamini köp bolan ýagly balygy, mesge, ýumurtganyň sarysyny iýmegiň talabalaýykdygy bellenip geçilýär.
Lukman-dietologlaryň bellemegine görä, banan hem işe ukyplylygy ýokarlandyrmak üçin netijeli önümleriň biridir. Zähmet işjeňligini ýokarlandyrmak üçin tebigy içgileri içmek maslahat berilýär. Olar almadan, ysmanakdan hem-de seldereýden taýýarlanan içgilerdir. Şeýle hem gara hem-de gök çaýlaryň, ýöne olaryň paketlenen görnüşleriniň däl-de, ýapraklylaryny saýlap almagyň peýdalydygy aýdylyp geçilýär.