Belarus Respublikasy 2019-njy ýylda 33 müň gektar meýdany eýeleýän tokaý zolagyny döretmegi meýilleşdirýär. Ýurduň Tokaý hojalygy ministrligi täze dörediljek tokaý zolagynyň agramly bölegini bahar möwsüminde döretmegi göz öňünde tutýar. Täze tokaý zolaklaryny döretmek üçin köp zähmet çekildi. 2018-nji ýylda 31 müň 177 gektar meýdan taýýarlanyldy. Ýurtda giň gerimli bag ekmek möwsümi başlandy. Tokaý hojalygy ministrliginiň düzümine girýän kärhanalaryň işgärleri tarapyndan 2 hepdäniň dowamynda 6 müň gektar meýdana bag nahallary oturdyldy. Bu umumy edilmeli işiň 20 göterimine deňdir.
Häzirki wagtda Belarus Ýewropanyň iň gür tokaýly ýurtlarynyň sanawynda ilkinji onluga girýär. 1945-nji ýyldan bäri, ýurduň tokaýlylyk derejesi 39,8 göterime çenli ýokarlandy. Her ýyl azyndan 30 müň gektar meýdanda tokaý zolagy döredilýär. Bu ugurda 2 ýa-da köp ýyllyk agaçlaryň ösdürilip ýetişdirilmegine ähmiýet berilýär. Ýurduň Tokaý hojalygy ministrliginiň başlangyjy boýunça 13-20-nji aprel aralygy tokaý hepdeligi hökmünde yglan edildi.
Muhammet HOJAMOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.