Türk­me­nis­ta­nyň fut­bol hem-de fut­zal ýy­gyn­dy­la­ry­nyň baş tä­lim­çi­li­gi­ne hor­wa­ti­ýa­ly tä­lim­çi­ler bel­len­il­di. Go­laý­da paý­tag­ty­myz­da­ky Ýaş olim­pi­ýa­çy­la­ry taý­ýar­la­ýyş sport mek­de­bi­niň mej­lis­ler za­lyn­da tä­lim­çi­ler bi­len du­şu­şyk ge­çi­ril­di. Bu ta­nyş­dy­ry­lyş çä­re­si­ne Türk­me­nis­ta­nyň Sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty mi­nistr­li­gi­niň, Türk­me­nis­ta­nyň Fut­bol fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň, ýur­du­my­zyň fut­bol hü­när­men­le­ri­niň hem-de köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da tä­lim­çi­ler öz­le­ri­niň tä­ze we­zi­pe­le­ri ba­ra­da žur­na­list­le­riň be­ren so­wal­la­ry­na jo­gap ber­di­ler. Şun­luk­da, Türk­me­nis­ta­nyň fut­bol bo­ýun­ça mil­li ýy­gyn­dy­sy­nyň baş tä­lim­çi­li­gi­ne An­te Mi­şe bel­le­nil­di. 51 ýaş­ly hü­när­men fut­bol­çy­lyk ýyl­la­ry­nyň ag­la­ba­sy­ny Hor­wa­ti­ýa­nyň iň meş­hur to­pa­ry “Haý­duk Split­de” (1985–1994, 1997–2003) ge­çir­di. Ýa­rym­go­rag­çy bo­lup oý­nan Mi­şe Gol­lan­di­ýa­nyň “Wi­tes­se” to­pa­ry­nyň köý­nek­çe­si­ni hem geý­di (1994–1997). Hor­wa­ti­ýa­nyň mil­li ýy­gyn­dy­syn­da-da 7 du­şu­şyk ge­çi­ren Mi­şe kar­ýe­ra­sy bo­ýun­ça klub­lar­da 305 oýun­da 24 ge­zek ta­pa­wut­lan­dy. 2008-nji ýyl­da tä­lim­çi­li­ge baş­lan Mi­şe “Haý­duk Split”, “Do­gož­ýe”, “Wi­tez” ýa­ly klub­la­ra tä­lim ber­di. Ol 2015–17-nji ýyl­lar­da Hor­wa­ti­ýa­nyň baş tä­lim­çi­si­niň kö­mek­çi­si bo­lup iş­le­di. Onuň kö­mek­çi­si hem-de der­we­ze­çi­le­riň tä­lim­çi­si we­zi­pe­si­ne-de Sand­ro To­mi­ç bel­le­nil­di. 46 ýa­şyn­da­ky hü­när­men “NK Pri­mo­rak”, “Haý­duk Split”, “NK Ist­ra”, “NK Zag­reb”, “Deb­re­se­ni”, “Bu­da­peşt Hon­wed”, “PAS Ha­me­dan”, “NK Imots­ki” ýa­ly dür­li klub­la­ryň der­we­ze­si­ni go­ra­dy. Tür­ki­ýä­niň “Ka­ra­büks­por”, “Ga­la­ta­sa­raý” klub­la­ryn­da-da der­we­ze­çi­le­riň tä­lim­çi­si bo­lup iş­le­di.
Şeý­le-de Türk­me­nis­ta­nyň fut­zal ýy­gyn­dy­sy­nyň baş tä­lim­çi­li­gi­ne hor­wa­ti­ýa­ly Ro­bert Grdo­wiç bel­le­nil­di. Tä­lim­çi­le­riň üçü­si bi­le­n hem 1+1 ýyl­lyk şert­na­ma bag­la­şyl­dy.