Gel­jek ýyl 12 şä­her­de ge­çi­ril­jek 16-njy Ýew­ro­pa fut­bol çem­pio­na­ty­nyň saý­la­ma tap­gy­ry­nyň to­par­ça­la­ryn­da 1–2-nji du­şu­şyk­lar oý­nal­dy. “A” to­par­ça­da Ang­li­ýa 2 du­şu­şyk­da-da 5 gol ge­çi­rip, saý­la­ma tap­gy­ra diý­seň şow­ly baş­la­dy. Iň­lis­ler il­ki Çe­hi­ýa­ny 5–0 (Ster­ling 24, 62, 68, Keýn 45+2 p, Ka­las 84 ö.d.), soň­ra-da myh­man­çy­lyk­da Ga­ra­da­gy 5–1 (Kin 30, Bark­li 39, 59, Keýn 71, Ster­ling 81— We­şo­wiç 18) ha­sa­byn­da ýeň­di. To­pa­r­ça­da bol­gar­lar 2 du­şu­şy­gy­ny-da 1–1 deň­lik­de ta­mam­la­dy. “B” to­par­ça­da soň­ky çem­pio­n Por­tu­ga­li­ýa şow­ly baş­lap bil­me­di. Ola­ra öz meý­dan­ça­syn­da ge­çi­ren 2 du­şu­şy­gyn­da-da ýe­ňiş ga­zan­mak ba­şart­ma­dy. Por­tu­gal­lar il­ki Uk­rai­na bi­len 0–0, soň­ra-da Ser­bi­ýa bi­len 1–1 deň­me-deň oý­na­dy (Da­ni­lo 42 — Ta­diç 7 p). Şew­çen­ko­nyň tä­lim­çi­li­gin­dä­ki Uk­rai­na 2-nji du­şu­şy­gyn­da myh­man­çy­lyk­da Lýuk­sem­bur­gy soň­ky mi­nut­lar­da­ky gol bi­len ýeň­di.
“C” to­par­ça­da Ni­der­land­lar 1-nji du­şu­şy­gyn­da uly ha­sap­ly ýe­ňiş ga­za­nan hem bol­sa (Be­la­rus 4–0; De­paý 1, 55 p, Wiý­nal­dum 21, Wan Deýk 86), 2-nji oýun­da olar öz meý­dan­ça­syn­da Ger­ma­ni­ýa­dan as­gyn gel­di. 1-nji ýa­rym­da ne­mes­ler Sa­ne we Gnab­ri­niň gol­la­ry bi­len öňe saý­lan­dy. 2-nji ýa­ry­ma gol bi­len baş­lan gol­land­lar De Lig­tiň hem-de De­pa­ýyň ta­pa­wut­lan­ma­gyn­da ha­sa­by deň­le­me­gi ba­şar­dy­lar. Ýö­ne oý­nuň iň soň­ky mi­nu­tyn­da Şul­zuň go­ly ne­mes­le­re ýe­ňiş ge­tir­di (De Ligt 48, De­paý 63 — Sa­ne 15, Gnab­ri 34, Şulz 90). Hä­zir­ki wagt­da bu to­par­ça­da 2 oýun­da ýe­ňiş ga­za­nan De­mir­ga­zyk Ir­lan­di­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 6 utuk bi­len 1-nji ha­tar­da bar­ýar.
“D” to­par­ça­da il­ki Gib­ral­ta­ry, soň­ra-da Gru­zi­ýa­ny 1–0 utan Ir­lan­di­ýa 6 utuk top­la­dy. Şweý­sar­lar 1-nji du­şu­şy­gyn­da myh­man­çy­lyk­da Gru­zi­ýa­ny Zu­ber we Za­ka­ria­nyň gol­la­ry bi­len ýeň­me­gi ba­şar­dy. Olar 2-nji du­şu­şy­gyn­da-da ýeň­şe go­laý bar­dy­lar. Öz meý­dan­ça­syn­da Da­ni­ýa­ny ka­bul eden şweý­sar­lar Froý­ler (19), Dža­ka (66) we Em­bo­lo­nyň (76)gol­la­ry bi­len soň­ky mi­nut­la­ra çen­li 3–0 öň­de bar­ýar­dy. Em­ma da­ni­ýa­ly­lar soň­ky mi­nut­lar­da ha­sa­by deň­le­me­gi ba­şar­dy. Gol­la­ry 84-nji mi­nut­da Ýor­gen­sen, 88-nji mi­nut­da Gyt­ka­ýer hem-de 90+3-nji mi­nut­da Dals­gaard der­we­zä gi­riz­di.
“E” to­par­ça­da Dün­ýä­niň wi­se-çem­pio­ny Hor­wa­ti­ýa öz meý­dan­ça­syn­da Azer­baý­jan­dan 2–1 (Ba­ri­şiç 44, Kra­ma­riç 79 — Şeý­da­ýew 19) üs­tün çy­ka­n hem bol­sa, 2-nji du­şu­şy­gyn­da şol ha­sap bi­len wen­ger­ler­den as­gyn gel­di (Sa­lai 34, Pat­kai 76 — Re­biç 13). Slo­wa­ki­ýa il­ki Weng­ri­ýa­ny 2–0 utup, 2-nji du­şu­şy­gyn­da Uels­den 1–0 ýe­ňil­di. “F” to­par­ça­da Is­pa­ni­ýa Nor­we­gi­ýa­ny 2–1 ýe­ňe­nin­den soň (Rod­ri­go 16, Ra­mos 71 p — King 65 p), myh­man­çy­lyk­da Mal­ta­ny hem Mo­ra­ta­nyň (31, 73) gol­la­ry bi­len 2–0 ut­dy. 1-nji oýun­da ru­myn­la­ry ýe­ňen şwed­ler Skan­di­naw der­bi­sin­de nor­weg­ler bi­len deň­me-deň oý­na­dy. Tap­gy­ryň iň çe­ke­le­şik­li ge­çen du­şu­şy­gyn­da Nor­we­gi­ýa 2–0 öňe saý­lan­dy. Em­ma ruh­dan düş­me­dik şwed­ler oý­nuň ta­mam­lan­ma­gy­na 4 mi­nut ga­lan­da, il­ki ha­sa­by deň­läp, 90+1-nji mi­nut­da-da öňe geç­di­. 90+7-nji mi­nut­da-da ýer eýe­le­ri Ka­ma­ra­nyň go­ly bi­len ha­sa­by deň­läp, ýeň­liş­den ha­las bol­dy (Ýon­sen 41, King 59, Ka­ma­ra 90+7 — Klaes­son 70, Nordt­we­it 86 ö.d., Kuai­son 90+1).
“G” to­par­ça­da Pol­şa Pýon­te­giň (69) go­ly bi­len il­ki Awst­ri­ýa­ny, soň­ra-da Le­wan­dows­ki (76) we Gli­kiň (84) gol­la­ry bi­len Lat­wi­ýa­ny 2–0 ýeň­di. Awst­ri­ýa 2-nji du­şu­şy­gyn­da Ys­ra­ýyl­dan 4–1 utu­lyp (Za­ha­wi 34, 45, 55, Da­bur 66 — Ar­nau­to­wiç 8, 75), saý­la­ma tap­gy­ra ju­da şow­suz baş­lan­gyç et­di. Bu oýun­da Za­ha­wi 3 gol ge­çir­di. “H” to­par­ça­da Dün­ýä çem­pio­ny Fran­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­na ge­çi­ren 2 du­şu­şy­gyn­da uly ha­sap­ly ýe­ňiş ga­zan­mak kyn düş­me­di. Di­die De­şa­myň şä­girt­le­ri Mol­do­wa­dan 4–1 (Amb­ros 89 — Griz­mann 24, Wa­ran 27, Ži­ru 36, Mbap­pe 87), Is­lan­di­ýa­dan bol­sa 4–0 (Um­ti­ti 12, Ži­ru 68, Mbap­pe 78, Griz­mann 84) üs­tün çyk­dy. Griz­man, Mbap­pe hem-de Ži­ru her oýun­da 1 gol ge­çir­di. Şe­nol Gü­ne­şi tä­lim­çi­li­ge bel­län Tür­ki­ýe hem Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty­nyň saý­la­ma tap­gy­ry­na şow­ly gir­iş­di. Al­ba­ni­ýa­ny Ýyl­maz we Çal­ha­nog­lu­nyň gol­la­ry bi­len utan türk­ler Mol­do­wa­nyň to­ru­na-da jo­gap­syz 4 pök­gi gi­riz­di­ler (Kal­dy­rym 24, Jenk To­sun 26, 54, Ka­an Aý­han 70).
“I” to­par­ça­da 1-nji oýun­lar­da ýer eýe­le­ri, 2-nji du­şu­şyk­lar­da bol­sa, myh­man­çy­lyk­da­ky ýy­gyn­dy­lar ýe­ňiş ga­zan­dy. Ga­zak­la­ryň şot­land­la­ry 3–0 ut­ma­gy köp­le­ri geň gal­dyr­dy. Tap­gy­ryň iň esa­sy oý­nun­da Bel­gi­ýa Rus­si­ýa­ny 3–1 ýeň­di (Ti­le­mans 14, E. Ha­zard 45 p, 88 — Çe­ry­şew 16). Rus­lar 2-nji du­şu­şy­gyn­da Ga­za­gys­ta­ny 4–0 (Çe­ry­şew 16, 45+2, Dzýu­ba 52, Beý­se­be­kow 62 ö.d.) utan bol­sa, Bel­gi­ýa Kipr­den myh­man­çy­ly­kda 2–0 (E. Ha­zard 10, Bat­şua­ýi 18) üs­tün çyk­dy.
“J” to­par­ça­da Ita­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy Finl­ýan­di­ýa­ny ýaş oýun­çy­la­ry Ni­ko­la Ba­rel­la (7) we Mo­is Ki­niň (74) gol­la­ry bi­len 2–0 ut­dy. Du­şu­şyk­da ta­pa­wut­la­nan Kin 2000-nji ýyl­da dog­lan­la­ryň ara­syn­da gol ge­çi­ren il­kin­ji ita­li­ýa­ly oýun­çy bol­dy. Ital­ýan­lar 2-nji du­şu­şy­gyn­da-da Lih­tenş­teýn­den 6–0 üs­tün çyk­dy (Sen­si 17, Wer­rat­ti 32, Kua­lia­rel­la 35 p, 45+3 p, Kin 69, Pa­wo­let­ti 76). Bu oýun­da pe­nal­ti­den 2 gol ge­çi­ren Fa­bio Kua­lia­rel­la Ita­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­syn­da ta­pa­wut­la­nan iň ýa­şu­ly fut­bol­çy ady­ny al­dy (36 ýaş 54 gün).