Iki hep­dä go­laý ara­kes­me­den soň, mil­li çem­pio­nat­la­ryň du­şu­şyk­la­ry ýe­ne-de tä­zeden bat al­dy. Ýew­ro­pa­nyň öň­de­ba­ry­jy çem­pio­nat­la­ryn­da şu gün hem-de er­tir oý­nal­jak kä­bir oýun­la­ra jan­kö­ýer­ler sa­byr­syz­lyk bi­len ga­raş­ýar­lar. Esa­san hem, er­tir Ang­li­ýa­da çem­pi­on­ly­ga ym­tyl­ýan “Li­wer­pul” öz meý­dan­ça­syn­da “Tot­ten­ha­my” ka­bul eder. Ita­li­ýa­da-da “In­ter” bi­len “La­sio­nyň” oý­ny köp­le­riň üns mer­ke­zin­de bo­lar. Şot­lan­di­ýa­da “Reýn­jer­siň” çem­pi­on bol­mak müm­kin­çi­li­gi er­tir­ki “Old­ Firm” der­bi­si­ne bag­ly bo­lup dur­ýar. Edil şo­nuň ýa­ly-da, “Aýaks” hem PSW-niň ara­ta­pa­wu­dy has-da ar­tdyr­maz­ly­gy üçin öz meý­dan­ça­syn­da eze­li bäs­de­şi­ni ýeň­me­li bo­lar.