Ga­ry­şyk sö­weş sun­gat­la­ry­nyň bel­li tür­ge­ni, ir­lan­di­ýa­ly Ko­nor MakG­re­gor spor­tuň bu gör­nü­şi bo­ýun­ça kar­ýe­ra­sy­ny ta­mam­lan­dy­gy­ny ha­bar ber­di. Ol özü­niň “twit­ter” sa­hy­pa­syn­da: — Men ga­ry­şyk sö­weş sun­gat­la­ry spor­ty bo­ýun­ça kar­ýe­ra­my bes ed­ýä­rin. Şol bir­wag­tyň özün­de-de spor­tuň bu ug­ry bi­len meş­gul­lan­ýan­la­ryň hem­me­si­ne uly üs­tün­lik ar­zuw ed­ýä­rin — di­ýip, bu ba­ra­da bel­läp geç­di. Soň­ky dö­wür­ler­de ady kä­bir gop­gun­ly wa­ka­lar bi­le­nem ag­zal­ýan 30 ýa­şyn­da­ky tür­gen şu wag­ta çen­li ga­ry­şyk sö­weş­ler bo­ýun­ça 25 tut­lu­şyk ge­çir­di. Şo­la­ryň 21-in­de ýe­ňiş ga­za­nan MakG­re­gor 4 duşuşykda ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy. Ol soň­ky sa­par uly wa­ka­la­ra baý bo­lan du­şu­şyk­da rus­si­ýa­ly Ha­bib Nur­ma­go­me­dow­dan as­gyn ge­lip­di. Meş­hur tür­gen 2017-nji ýy­lyň aw­gus­tyn­da-da ame­ri­ka­ly boks­çy Floýd Meý­we­zer bi­len boks du­şu­şy­gy­ny ge­çi­rip, güýç­li gar­şy­da­şyn­dan ýeň­lip­di.