“Çelsi” toparynyň argentinaly hüjümçisi Gonzalo Higuain milli ýygyndyda oýnamagyny bes edendigini habar berdi. 31 ýaşyndaky hüjümçi “Fox Sports” teleýaýlymyna beren beýanatynda: — Bu barada köp pikirlendim we ahyry hoşlaşmagyň wagty geldi diýen netije çykardym. Mundan soň, meniň milli ýygyndynyň düzüminde barlygym ýa-da ýoklugym barada hiç kimiň alada edip, azara galmagy hökmany däl —belledi. Milli toparyň köýnekçesini 75 duşuşykda geýen Higuain 31 gol geçirdi. Ol Argentina bilen 2014-nji ýylda Dünýä Kubogynda, 2015-nji we 2016-njy ýyllarda-da Kopa Amerikada kümüş medal gazandy.