Hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça guşuçar belentlikden ak mermerli Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan täze döredijilikli maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde paýtagtymyz sazlaşykly ösüp, dünýäniň owadan hem-de ýaşamak üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrdy. Aşgabat öz çäklerini ýylsaýyn giňeldýär, onuň binagärlik toplumynyň üsti bolsa täze jaýlar we desgalar bilen ýetirilýär.
Milli Liderimiziň dikuçary paýtagtymyzyň günorta-gündogar künjegine tarap ugur aldy. Aşgabadyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşen künjegi bolan Parahat – 7 ýaşaýyş toplumynda alnyp barylýan işler häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýär. Milli Liderimiz ilatyň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak, şunuň bilen baglylykda, ähli amatlylyklary özünde jemleýän häzirki zaman ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmak meselelerine örän jogapkärli çemeleşilmelidigini belledi. Soňra hormatly Prezidentimiziň uçuşy şäheriň demirgazyk künjegi boýunça dowam etdi. Bu ýerde Aşgabady ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynyň çäklerinde täze şäheri gurmak meýilleşdirildi. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde amala aşyryljak gurluşyk işlerine ylmy esasda çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we munuň üçin degişli düzümler bilen bilelikde iş alyp barmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem milli Liderimiz Gurtly köli we onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, bu künjekde dynç almak üçin amatly şertleriň döredilmeginiň, suwa düşülýän ýerleriň gurulmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, häkime anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz uçuşyň dowamynda paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň golaýynda bina edilýän “Garagum” myhmanhanasynyň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanşyp, gurluşykda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi we desganyň bellenen möhletlerde ulanylmaga berilmegi bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiziň dikuçary Köşä tarap ugur aldy, bu ýerde Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurluşyk işleri batly depginde alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz guşuçar belentlikden täze gurulýan desgalarda işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna aýratyn üns bermek bilen, adamlaryň durmuşynyň ähli ugurlary babatda abadan we mynasyp durmuşyň üpjün edilmegine uly ähmiýet berýär. Hormatly Prezidentimiz täze gurulýan söwda toplumynyň binagärlik çözgüdine ünsi çekip, onda satyjylaryň işlemegi, şeýle hem alyjylaryň amatlylygy üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini aýtdy hem-de bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň günorta künjeginde alnyp barylýan işler bilen gyzyklanyp, dag eteginde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň ýerleşdirilmegi meýilleşdirilýän meýdançada ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleriň barşy bilen tanyşdy. Milli Liderimiz türkmen halkynyň beýik oglunyň — döredijilik mirasy dünýäniň medeni genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan Gündogaryň görnükli şahyrynyň we akyldarynyň keşbini ebedileşdirýän ýadygärligiň ähmiýetini belläp, bu taslama amala aşyrylanda, milli ýörelgeler bilen häzirki zaman tejribesiniň utgaşdyrylmalydygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz uçuşy dowam edip, “Welosiped” binasynyň gurulmagy meýilleşdirilýän ýeri synlady. Çandybil şaýolunyň ugrunda Türkmenistanyň öňden gelýän işewür hyzmatdaşy bolan Fransiýanyň “Buig Batiman” kompaniýasyna ynanylan desgalaryň gurluşygy ýaýbaňlandyryldy. Täze gurulýan desgalaryň hatarynda Halkara kongres merkeziniň binasy we kaşaň myhmanhana bar. Bu häzirki zaman binalarynyň Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna mynasyp toý sowgatlaryna öwrüljekdigini bellemeli.
Soňra döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň we taslamalarynyň ählisiniň eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine, durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine we mähriban halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilmelidigini belläp, uçuşy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew bilen dowam etdi. Hormatly Prezidentimiz dikuçaryň üstünden Ahal welaýatyna degişli ekerançylyk meýdanlarynda häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de bu künjekde gurulýan dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň ýagdaýy bilen tanyşdy.
Milli Liderimiz Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belläp, wise-premýere degişli görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz oba hojalygynyň ösdürilmeginde häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň peýdalanylmagy, pudaga degişli ylmy institutlaryň işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.
Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzy we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleriň ýagdaýyny hemişe üns merkezinde saklaýar. Munuň özi ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürilmegini, halkymyz üçin ýokary derejeli ýaşaýyş-durmuş ulgamynyň üpjün edilmegini şertlendirýär.