Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen döwleti halkara gatnaşyklary ulgamynyň işjeň gatnaşyjysy bolmak bilen halkara-hukuk resminamalarynyň binýadyny yzygiderli kämilleşdirýär. Bu ugurda hususan-da, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň düzüm birlikleri bilen bir hatarda, beýleki abraýly halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.
Abraýly halkara guramalar bilen gol çekilen möhüm resminamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi babatda degişli hereketler durmuşa geçirilýär. Muňa Türkmenistanyň Mejlisinde Türkmenistanyň Hökümetiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) arasynda 2016–2020-nji ýyllar üçin ýurt boýunça maksatnamasynyň Hereketler meýilnamasynyň çäklerinde taýýarlanylan 2019-njy ýyl üçin iş meýilnamasyna gol çekmek dabarasy hem aýdyňlygy bilen güwä geçýär. Gol çekilen resminamalar Türkmenistan bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň netijeli gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge ýardam eder. Hyzmatdaşlyk maksatnamasy milli Liderimiziň alyp barýan ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna doly laýyk gelýär.
Türkmenistan BMG-niň möhüm konwensiýalarynyň birnäçesine goşulyp, öz üstüne alan borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerýär hem-de dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça ählumumy tagallalaryň utgaşdyrylmagyna işjeň gatnaşýar. Ýurdumyz özüniň parahatçylyk döredijilikli kuwwatyny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirýär.
BMG-niň Türkmenistanda işleýän edaralary bilen hyzmatdaşlygy kadalaşdyrýan resminamalaryň birnäçesine gol çekilmegi bu abraýly halkara guramasy bilen gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga uly itergi berer. Gol çekilen resminamalaryň hatarynda “Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2016–2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegine ýardam etmek” atly taslamanyň 2019-njy ýyl üçin iş meýilnamasy, “Türkmenistanyň gurak sebitlerinde oba hojalygy bilen meşgullanýan ilatyň howanyň täsiri bilen bagly durmuş-ykdysady ýagdaýlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek” atly taslamanyň 2019-njy ýyl üçin iş meýilnamasy, “Gender deňligini çaltlaşdyrmak üçin ulgamlary we mehanizmleri berkitmäge goldaw bermek” atly taslamanyň 2019-njy ýyl üçin Iş meýilnamasy, “2016-2020-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň meýilnamasy” we “2019-2020-nji ýyllar üçin iki ýyllyk iş meýilnamasy – çagalaryň hukuklary babatynda hyzmatdaşlyk” hakynda resminamalar bar. Şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen ikitaraplaýyn resminamalaryň gol çekilmegine bagyşlanan brifing geçirildi.
Halkara-hukuk resminamalarynyň binýadyny kämilleşdirmek işinde Türkmenistan BMG we beýleki halkara edaralary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýär, bu bolsa ýurdumyzda adam hukuklary we gender syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine itergi berýär.
Agamyrat ROZYÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň uly mugallymy.