Hä­zir­ki wagt­da şu ýy­lyň 21–22-nji ma­ýyn­da “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ril­jek Hal­ka­ra gaz kong­re­si­niň ýu­bi­leý fo­ru­my­na iş­jeň taý­ýar­lyk gö­rül­ýär. Mä­lim bol­şy ýa­ly, dün­ýä­niň iri kom­pa­ni­ýa­la­ry ge­çi­ril­jek mö­hüm çä­re­le­re gat­naş­ma­ga birnäçe aý öňün­den yk­jam taý­ýar­lyk gör­ýär­ler.

Türk­me­nis­ta­nyň gaz se­na­ga­ty­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ne ba­gyş­la­nan hal­ka­ra kong­re­siň anyk se­ne­si­niň onuň açyl­jak gü­nün­den iki aý öňün­den bel­li bo­lan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, äh­lu­mu­my ener­ge­ti­ka ba­za­ryn­da mö­hüm or­ny eýe­le­ýän “Exxon Mo­bil”, “Shell”, “Gazp­rom”, “Pet­ro­nas”, CNPC, “Hy­un­dai”, “Ka­wa­sa­ki”, NA­PECO, “Vitol”, “Dra­gon Oil”, ENI, “Bu­ri­ed Hill”, LG, “Gaff­ney, Cli­ne & As­socia­tes” ýa­ly meş­hur kom­pa­ni­ýa­lar we beý­le­ki­ler Awa­za fo­ru­my­ny öz­le­ri­niň iş se­ne­na­ma­sy­na gi­riz­di­ler. Gat­naş­ýan kom­pa­ni­ýa­la­ryň köp bol­ma­gy dün­ýä­niň ener­ge­ti­ka işe­wür­li­gi­niň Türk­me­nis­ta­nyň art­ýan gaz ba­za­ry­na uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Mu­nuň özi tö­tän­den däl­dir, çün­ki Türk­me­nis­tan te­bi­gy ga­zyň gor­la­ry bo­ýun­ça dün­ýä­de dör­dün­ji orun­da dur­ýar. Özü­niň geoyk­dy­sa­dy taý­dan amat­ly ýer­leş­me­gi hem-de ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­ne baý bol­ma­gy ýur­du­my­zyň hä­zir bar bo­lan we gel­je­gi uly ugur­lar bo­ýun­ça ga­zyň da­şa­ry ýurt­la­ra ibe­ril­ýän möç­ber­le­ri­ni art­dyr­ma­ga uly müm­kin­çi­li­gi bar­dyr. Hä­zir­ki dö­wür­de türk­men döw­le­ti Mer­ke­zi we Gü­nor­ta–Gün­do­gar Azi­ýa möç­be­rin­de “ma­wy ýan­gy­jy” iber­ýän esa­sy ýurt­la­ryň ha­ta­ry­na gir­ýär. Türk­me­nis­tan-Hy­taý trans­mil­li gaz ge­çi­ri­ji­si mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. On­da müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da Ýew­ra­zi­ýa yk­ly­my­nyň halk­la­ry­ny bag­la­nyş­dy­ran Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­ny gaý­ta­dan dö­ret­mek pi­ki­ri öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Ýe­ne-de bir stra­te­gik taý­dan mö­hüm tas­la­ma Türk­me­nis­tan-Ow­ga­nys­tan-Pa­kis­tan-Hin­dis­tan (TOPH) gaz ge­çi­ri­ji­si bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Dün­ýä­de iň iri­le­riň ha­ta­ryn­da dur­ýan “Gal­ky­nyş” gaz kä­ni­ni se­na­gat taý­dan öz­leş­dir­mek iş­le­ri iş­jeň do­wam ed­ýär. “Gaff­ney, Cli­ne & As­socia­tes” (Be­ýik Bri­ta­ni­ýa) kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ga­raş­syz bar­lag­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, “Ýaş­lar” we “Ga­ra­köl” ýa­tak­la­ry bi­len bi­le­lik­de bu kä­niň gor­la­rynyň 27 tril­li­on kub metr gaz möç­be­rin­dedigi çak edilýär.
Umu­man, ýur­du­myz­da ne­bit­gaz hem-de gaz­hi­mi­ýa pu­da­gy­ di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dü­ril­ýär. Bu ugur­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­na uly äh­mi­ýet be­ril­ýär.