Gadymy Nowruz baýramy dünýä halklarynyň arasyndaky dost-doganlygy berkitmäge uly goşant goşýan esasy baýramçylyklaryň biridir. bu baýramçylyk biziň ýurdumyz bilen bir hatarda dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan-da dabaraly ýagdaýda bellenip geçilýär. bahar paslynyň buşlukçysy hasaplanýan bu baýramçylygyň dabaralary entegem dowam edýär.
Golaýda şeýle çäre, Howdan – Bajgyran serhetýaka zolagynda geçirildi. Bu ýerde Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralaryň çäklerinde sungat ussatlarynyň konserti hem-de amaly-haşam önümleriniň bilelikdäki sergi-ýarmarkasy boldy. Halkara Nowruz gününe bagyşlanan dabara iki goňşy ýurduň hökümetleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, meşhur medeniýet işgärleri gatnaşdylar.
Gadymy Nowruz baýramy täze durmuşyň dabaralanýandygyny alamatlandyryp, adamlaryň kalplaryny mähirden doldurýar hem-de halklary dostluk, hoşniýetlilik we doganlyk gatnaşyklary bilen baglanyşdyrýar. Konsertiň her bir çykyşy biziň ýurtlarymyzyň medeni mirasynyň baýlygyny we özboluşlylygyny şöhlelendirdi.
Dabarada ilki bilen nakgaşçylyk we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, dokma, zergärçilik we kitap önümleriniň sergisi boldy. Dostluk konsertine meşhur estrada aýdymçylary, sazandalar, tans toparlary, folklor-etnografiýa toparlary gatnaşdylar. Türkmen we eýran halklarynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen ynsanperwerlik däplerini öz içine alan umumy baýramçylyk ýagdaýy muňa özboluşly öwüşgin çaýdy.
Biziň ýurtlarymyzy gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, taryhy kökler baglanyşdyrýar. Häzirki döwürde munuň özi iki doganlyk halkyň birek-birege hormat goýmagyň möhüm esasy bolup hyzmat edýär. Özara Medeniýet günleriniň, sergileriň, maslahatlaryň geçirilmegi ikitaraplaýyn ynsanperwerlik gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrýar. Şu gezekki baýramçylyk çäresi bu ajaýyp däpleriň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Işanguly MANAÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.